MENU

10:47
O diýýäniñ satylyp ýör...
O DIÝÝÄNIŇ SATYLYP ÝÖR..

Käte bukýan didelermi,
Gör nämeler edilip ýör,
Atyz ýaly boş añlara,
Pak däneler sepilip ýör.

Kalp ilteşse göz bilen,
Ýara em etmäñ köz bilen,
Asly ýalan, hoş söz bilen,
Ençe dyzlar epilip ýör.

Gün dogar, aýlanar heññam,
Ölüm, herne deñlik hemmä,
,,Ynanmaly" diýýäs, emma,
Ynam top deý depilip ýör.

Makiýajy çalyp tene,
,,Haý" diýenok gyza ene,
Bu gün señki, ertir ýene,
Başga birin tapynyp ýör.

Günäni iltäp egnine,
Hile öwrüldi endige,
Käbirleri men-menligin,
Doga edip dakynyp ýör.

Ynsap, galatly ýollarda,
Päklik daraldy jalbarda,
Bilmen ynsan ne hallarda,
Haýsy ugra akylyp ýör?.

Çüýläp içde müñ hiläni,
Gördüm ,,dost" sözi diýýäni,
Dostluk mukaddes diýýäñmi?!,
O diýýäniñ satylyp ýör...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 162 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 15:24, 07.05.2023
Nesihat beriji goşgy…
Nesihatam erbet zat däl, alsalar…

Bellik bir-iki ýerine:

Makiýajy çalyp tene,
,,Haý" diýenok gyza ene,

Düşnükli, ýöne makiýaž çalnanok, çalynýan zat başga…
Reňklenen, grimlenenlere makiýažly diýilýär. Ýöne “makiýažy çalyp tene” diýmek nädogry. Düzedip bilersiň, isleseň.

Bu gün señki, ertir ýene,
Başga birin tapynyp ýör.

Dogrudyr, diýýäniň, ýöne ýene-de ahlaksyzlyk bilen makiýažy ýan-ýana getirmek ýene-de nädogry hasaplaýan….

***
Ynsap, galatly ýollarda,
Päklik daraldy jalbarda

Şu ýerem birhili. :-)
Päklik, jalbar, dar päklik, giň päklik…
Päkligiň jalbarda ne işi bar.
Çalaja düşünjek bolýanam welin….

Üstünlikler!
avatar
1
2 Saryýew • 21:48, 07.05.2023
Aýşat Hojamuhammedowada şeýle bent bardy:

Şol bir zat, şol bir heň, şol aýdym diýme,
Men indi sendenem saklamok kine,
Ýarym aklym akyl satyp ýör ile,
Geň zat...


Dogry, düşüniň. Dile geldi, bile geldi aýdaýdym.
avatar

uCoz