MENU

09:42
O ýer

O ÝER

Gämi bir çak ýola düşdi köñülde
Ýalñyz goýup ýaşlygmyzyñ kenaryn.
Ilki gözel görnüp soñ derde dönen
Aldy bizden söýgi soñunda aryn.

Ýaşap ýörseñ,şeýle pursatlar bolýar,
Çekilen surat deý doñýar-da galýar.
Arzylap çarçuwañ içine salan
şol birje pursadyñ ömre deñ gelýär.

Duşurany üçin birek-birege,
Müñ kerem razydyk ykbal paýyndan.
Bilmän galdyk bize näme böwetdi,
Näme beýle aýgytlylyk döretdi?!
Ýogsa heýem göwnüñ sowap bilermi
Aýrylyp bilermi, erk edip söýgä
Şirin jandan eziz görlen söwerler.

....O gün baglar añan ýaly bir zady,
Ýapraklary tänip çar ýan galgapdy.
Gussa çöken gözlem gabak astyndan
Soñky gezek hasrat bilen aglapdy.

Bu ýer meniñ katra ýaş döken ýerim
Seniñ müñ gez ýanyp hem sönen ýeriñ.
(Indi ahmyrlaryñ däl weli ýerem)
Ýöne belki yşga düşünen bolsak
Bu barlyga düşünerdik megerem.

Yşk bu özüñi unutmak eken.

Meňli AŞYROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Kyyas • 13:03, 08.04.2023
Haladym!
avatar
0
2 Мango • 13:16, 08.04.2023
(Indi ahmyrlaryñ däl weli ýerem) - şu setir-ä eýläk-beýläkli... ýerinde oturmandyr.

Yşk bu özüñi unutmak eken.

onda, yşk - bu aşygyňy unutmazlyk bolýa-da.
avatar
0
3 Medicall • 00:53, 09.04.2023
uzagrak bolupdyr, syntgamaly.
avatar

uCoz