MENU

22:53
Ogluma ritoriki sowal

Oglum, ikimizi näme baglaýar,
Adam atamyzdan gaýdan ganymyz,
Müňlerçe atalar..., geçenden başga?!
Ýüregimiz kimler üçin aglaýar,
Meň ejemden başga, ejeňden başga?!

Oglum, ikimizi näme baglaýar?!
Aýry ýazgydymyz, aýry ruhumyz.
Ýaşap ýörüs bir üçegiň astynda,
Meni ahmyr, seni arzuw daglaýar –
Men geçmişiň, sen geljegiň waspynda.

Terbiýeden özge, dessurdan gaýry,
Aramyzda duran borçlardan başga,
Pikirlermiz dürli, bir däl bagtymyz,
Nämede dahylly, nämede aýry
Bu jahanda ýaşap barýan wagtymyz?!

Aklymyzam bir-birini aňmaýar,
Şonda-da alada basýar janymy.
Gan bilen, jan bilen geçenden başga,
Pederlerden başga, ejeňden başga,
Şu Watan, şu öýmüz, şu taýdan başga,
Şu dünýeden başga, Hudaýdan başga,
Oglum, ikimizi näme baglaýar?!

© Seýitmyrat GELDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 127 | Добавил: tmpoet | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 23:33, 04.12.2023
Bizde guyçli şahyrlar bar (şübhe bolany uçin aydamok muny, haki bir begenjimi daşyna çykaryan).
Gowy goşgy.

Aslynda – ritoriki jogap.

(Awtoryň ady teg-e goyulmandyr).
avatar

uCoz