MENU

22:10
Ol hem..
OL HEM..

Bir Dost görmüşdim, bagüftar*, köñle düşdi ýagtysy,
Kengany Ýusup şekilli nurana eken ol hem.
Synagynda sütem görmüş, takdyr kylmyş darkaşy,
Takady Ýunus dahylly sabrana eken ol hem.

Çar paslyny hoşnut kyla, Bagda saýran "Balaýman,"*
Suwy ýalñyzlyga dözmeý - gönderilen Süleýman*,
Dergähinde Bylkys tagty.*
Neml dagyna myhman*,
Göýä Süleýman hökümli permana eken ol hem.

Baş jygamyñ göwher gaşy, janlaryñ Jananasy--
Hormatyna bar bolunan Ahmediñ hemsaýasy,
Dost roýundan ylham alan Nur Köñlüñ dürdänesi:
Hyzmaty gaýym bakymly, merdana eken ol hem.

© Kalba NUR
Категория: Goşgular | Просмотров: 144 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 4.8/5
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 06:36, 30.04.2023
Ýyldyzjyk goýlan ýerleň düşündirilişini biz goýmalymy, bilmelimi?
Klassik stilde edilen şowly synanyşyk. Berekella.
—-
Ol Dost - Pygamberimiz diýip pikir etdim, ýöne soňunda “Hormatyna bar bolunan Ahmediñ hemsaýasy” diýeňde pikir bulaşdy. Kimkä ol Pygamber goňşusy?
avatar
0
2 Мango • 06:40, 30.04.2023
BAGÜFTAR (p. ba:goFta:r) - çeper sözli, çeper.
NEML - Neml, karınca demektir. Sûre de başlıca, Süleyman peygamber ve Sebe' melikesi, Belkıs kıssası ile Salih ve Lût peygamberler konu edilmekte…
avatar

uCoz