MENU

16:29
Ol kim?!..

OL KIM?!..

Men kimdir birini unudan ýaly,
Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan...
Ýüregim käteler tisginip gidýär,
Nätanyşyň has nätanyş adyndan.

Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal,
Birdenkä sypalap geçse başymy,
Men oňa şol diýip, edýän-de güman,
Synlamaga gorkýan degre-daşymy.

Durmuş tapmaçamy,
Gurluş tapmaça?!
Soraglar ummany heläk etjekden.
Adam öz-özüni gözläp tapmasa,
Oňa kimdir birin sebäp etjekden.

Her kim göräýmäge hoşgylaw ýaly,
Başga kişi bolýar,
baraňda deňne.
Ol kim,
döräýmeli goşgulam ýaly,
Meni dert-azara salarça beýle?!

Ýatdan çyksa, ýatdan çykmaly zatlar,
Soň yzyna geljek bolup durmasa.
Men ýene tisginýän nätanyş atdan,
Ýalta bakýan, nätanyş ses gürlese...

© Aýgül BAÝADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 137 | Добавил: Aygul | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 lirika • 23:23, 25.04.2023
Su gosgyny okamda kitapcy.ru -da Mangoñ teswiri ýadyma düsüp gitdi. Hakykatdanam, soñky topbagyñ soñky setirindäki:
Ýalta bakýan, nätanys ses gürlese...-ses gürlänok, ses esidilýär ahbetin
avatar
0
2 Pero • 08:29, 26.04.2023
Lirika,bu bellik bilen hem ylalaşmaly hemem ylalaşmaly däl. Sebäbi döredijilikde öñki kada boýunça bolmaly zatlardan mahal-mahal daşyna böwüsmelimikä diýýän. Aslynda ses eşidilýär emma şony ilki biri gürlemeli. Diýmek gürlenilýär = eşidilýär. Aksioma ýaly bir zat-da :)
avatar
0
3 Pero • 08:32, 26.04.2023
Goşgy weli ÇUÑ. Adam özüni unudýar,öz içki sesi bilen başga biri ýaly dialoga girip bilýär. Özüne özi nätanyş ýaly duýulýar.
avatar
0
4 lirika • 10:37, 26.04.2023
Dogry, Meñli ýöne esdilmek bir zat gürlemek bir närse-dä...
avatar

uCoz