MENU

00:24
Ömrüme ýüzlenme

Nepese söýenýän ömrüm!
Ne pese,
ne beýige degişli bir adam men.
Düşünmedim kyýamda söm elibe,
Baş çykaryp germesatan “A”-dan men.

Diri wagtym diriligmi duýşum deý,
Soň diri däldigmem bilesim gelýär.
Ýüzüm bolmasa-da, sessiz bolsa-da,
Garaz, bir maý tapyp gülesim gelýär.

Içilmän sowady, için sowatdy,
Hum deý çişen böwri gülli çäýnegim.
Aklym dökän-saçan, goşgulam çyrşak,
Çemçesi gemirlen kelle çanagym,
Pikirlermi ýarty berýär, al kakmyş,
Sähetli sekundy gözläp mazaly.
Men saçym penjeläp pikir edýärin:
Jesedimiň gazylmadyk mazary
Boz meýdanda taba gelip ýatandyr.
A men, ýaşap ýörün taplanyp bilmän.
Tobamy jemläre elim degenok,
Ownuk gussalardan saplanyp bilmän.

Eý, ömrüm, dat, ömrüm, sen nirä ýetdiň,
Guşlukmy, öýlemi, ikindidemiň?!
Seni goşgy bilen uzaltjak bolup,
Demläp goýan çaýyny-da ejemiň
Içibem bilmedim gyzgyny barka.
Ýogsa, men bilýänem, duýýanam ahyr,
Bir gün çaý deý sowajagnam ejemiň -
Men bolaýyn ýa-da bolmaýyn şahyr!

Isle, hala, hala, isleme, ömrüm!
Süňksiz dilim ölkä şunam diýmeli:
Diňe moda üçin däl, eginbaşy
Aýby-da örtünmek üçin geýmeli.

Biz bu dünýä kynlyk bilen öwrenişdik,
Gyzgyn çaýam, pejem, hatda söýgi-de,
Ikimizem awundyrdy, biz uwnup,
Çydamaly bolduk sojap nijeme
Ah, meslekdeş, senem ýadansyň, gowsy,
Men gürrüň bereýin baryn ejeme.

Birdenem ýuwaşja gapym açyldy,
...Ejem, mährem ejem, eli çäýnekli...
Şu ýerde goşgymy, pikirmi böljek!
Kapyýa, bakyýa her çak tapylar,
Ýöne bu pursaty soň edip bolmaz.
Köp çorbasyn sowatsak-da gelinleň,
Ejeleň çaýyny sowadyp bolmaz.

Ejemogly boljak çaý içim salym,
Goý, beýnim sowasyn, meň nä azarym.
Belki, pikirimden owarra bolar
Tozap ýatan gazylmadyk mazarym.

© Seýitmyrat GELDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: tmpoet | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 10:35, 05.12.2023
Ine, hakyky Şahyr şu awtoram, gowy ýazýar, irki goşgularyndan bolmaly bu goşgam, öňem okapdym.
avatar
2
2 Mekan2 • 10:50, 05.12.2023
Isle, hala, hala, isleme, ömrüm!

her gün turýan, kofemi öňüme alýan, saýta girýän...

bilemok: kofe tagamlymy, saýtdaky eserler gyzyklymy, gurmuş gözelmi?

Paýlaşmak siz bilen, okamak biz bilen.

Hemmä minnetdar. Gaýrat ediberiň.
avatar

uCoz