MENU

09:46
Onda
ONDA

Ýuka göwne meñzäp erejek bolsa,
Gyşda ýagan garlar doñmasyn onda!,
Ömrüm öñe sary ýörejek bolsa,
Senli ýatlamamy soñlasyn onda!.

Bolýar ahyr, boşluklardan ýadañda,
Ýüregiñe dowul gelýär çar ýandan,
Ýalanlara ýaran bolan nadanlar,
Dünýäñ ýalandygny oñlasyn onda!.

Geñ görme içimiñ içine sygsam,
Duýgylam gapy däl, ýa-da bir gabsa,
Eger alýan demim muzdsuz bolsa,
Gussalam bogazym bogmasyn onda!.

Erejek bolanda kalbymyñ gary,
Böldiler ahyry, göwnümiñ ýaryn,
Mañlaýda ýok bolsa, ýok bolsun bary,
,,Ertirde güneşem dogmasyn onda"...

Awtory: Baýram Bejidow
Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 10:13, 27.04.2023
Ýalanlara ýaran bolan nadanlar,
Dünýäñ ýalandygny oñlasyn onda!.

ýalan-ýaran-nadan
ýa-ýa-na
lan-ran-dan
an-an-an
:-) gowy, sazlyja sözlem bolupdyr.
ýöne: ýalanlara ýaran bolan nadanlar nädip öz ýaranyna ýalan diýsin. heý diýermi? heý oňlarmy?

***
Geñ görme içimiñ içine sygsam,
Duýgylam gapy däl, ýa-da bir gabsa,

"içimiň içinem" öň okadym. kimde? bilemok. belki sizdedir. ýöne tanyş. gugl daýydan sorasam: "içimiň içi" diýen rep hem bar eken -diýýär. şu ýerde: IÇIMIŇ IÇI [TABLETKA EP] https://my.mail.ru/music....ac24657
onlaýn diňläp bilersiň.

"içimiň içi" diýen goşgam ýazypdyr Mehmet Emin Eryazgan diýen bir türk abi.

İçimin İçi Şiiri - Mehmet Emin Eryazgan
antoloji.com›icimin-ici-siiri/

açyp bilmedim ýöne goşgusy şeýle başlaýan eken:
İçimin içinde bir iç daha var.
İçinde gülleri hayat doludur...
(terjimesumak: içimiň içinde ýene bir iç bar / içinde güller kän, ýaşaýyş doly...)

Duýgylam gapy däl, ýa-da bir gabsa
gapy bilen gabsaň tapawutlanýan ýerleri barmyka, ýa ikisem bir zat üçin ulanylýan sözmikä?

***
Mañlaýda ýok bolsa, ýok bolsun bary,
"Ertirde güneşem dogmasyn onda"...

haýttt!... ýagty jahanda ýeke özüň ýaşaňok-haaaa!
beýdip bet doga etme.
güneş bizsizem dogawersin...
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 10:39, 27.04.2023
Sözler gabat gelip biler, haçan-da bir nusgawy şahyryñ islendik bur eserini okasañ şol beýniñe ornap soñ bir ýerde özüñ döreden ýaly ýazylýan ýerlerem bar. Muny diýjek bolsañyz köp eserde meñzeş sözler bar.

Ga‧py at
Jaýa girmek üçin ötelge, girelge, agyz.

Bahar bilen çykyp gitdi içerden, Baryp hasapçylaň açdy gapysyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Jaýyň agzyna oturdylýan gabsa, işik.

Agaç ussalarynyň ýanynda taýyn gapylar dur. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Öýüň işiginiň öňi, öň tarapy.

Gapymda ýolbars saklap, öýümde arkaýyn ýatyp bilmen. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim).

Gab‧sa
Jaýyň ýa-da aýnanyň öňündäki açylyp-ýapylýan agaç gapy.

Sähet işigi emaýlyk bile açjak boldy, emmä bolmady, gabsa-da şakyrdady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Elliniň gabsanyň petledi taýyndan tutawaç gözläp, işik açjak bolup urnuşyny hasaba almajak, ol işikden kynçylyk görmän daş çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Batly açylan gabsa hem arka ýüzünde gulagyny gerip, diňläp duran Jonnynyň maňlaýyna gütledi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Iñ soñky iki setiriñ manysyny bolsa okaýja goýdum, ol bir bet doga däl...
avatar

uCoz