MENU

11:04
Öňki ýaly bar aladam saçym däl

Öňki ýaly bar aladam saçym däl,
Ondan möhüm boldy göwnüň galmagy.
Meň bilen başgaça boljak toýda-da...
Tapyndym gyrada çapak çalmagy.

Tüweleýläp tupan çeken şährimde
Adamlary synlamagy çykardym.
Ýogsa düýnem aryň öýün gorjalap,
Barmasy kyn notalardan çekerdim.

Bes etdim ýaşlygma galaryn öýtmämi,
Daşyna dökülip gutardy sabrym.
Hol gün seýilgähde synlan gyzymam:
«Salam, daýy» diýip tütetdi bagrym.

Ýok-la, göwnümedir, üns bermäýin,
Ýa öňkimden biraz ulaldymmykam.
Toba, aýtmaga-da çekinýän welin,
Ömrüň salymdygna ynandymmykam?!

© Aman­gel­di ÝEGENOW

"Nesil" gazeti
Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: yusupyegen | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 12:14, 16.03.2024
1) Bes etdim ýaşlygma galaryn öýtmämi,
2) Daşyna dökülip gutardy sabrym.

1) bogun artyk...
2) sabyr käsesi dolup bilýär, dolansoň çogýar.
goşguda-a daşyna dökülmekden beter dökülip gutarýan eken. diýmek gaýnaýan bolmaly...
avatar
0
2 Belki • 12:35, 16.03.2024
Öñki ýaly bar aladam saçym däl

Gaýta, ýaşyñ artdygyça saçyñ has uly alada bolýar-aý. Kelläñ bir ýeri ýalpyldaýarmyka diýip. :))
avatar
1
3 Küle • 16:42, 16.03.2024
Menem düşüp gutarmanka bir tary agaryp ýetişse-de boljak-diýýän.
avatar
0
4 Medicall • 21:41, 16.03.2024
Erbed-a däl, ýöne awtoryñ öñki iki goşgusy ýaly üýtgeşiklik bermedi bu goşgysy.
Üstünlikler!
avatar

uCoz