MENU

13:06
“Öňler akyl bolupdyryn...”

Sen maňa hiç zady aýtjak bolmagyn!
Edenleriň etjeklerňe deň geler.
Men senden kän zady isläp bilmerin,
Ýöne azlygy-da kalbym geň görer.

Ýoluň ýoluma-da dowam däl belki,
Belki yza teser şanyň men sebäp.
Öňler akyl bolupdyryn, a indi
Nä aklyma kalba edýärin togap?!

Kalbyň akly bolmaz, aklyňam kalby,
Ikisini bir eýlemek mümkin däl.
Ýüregimi aýap gezjek.
“Gursagym”,
gysyp barýaň, aýt, ne sebäp düýnkiň däl?

Laçyn BAZAROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 141 | Добавил: Pegas | Теги: Laçyn Bazarowa | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Kyyas • 15:53, 23.01.2024
Soñky bentlerini añyma getirjek bolup añymyñ özi gitdi. Ýüregimi aýap gezjek gursagym! Aýt!
Ne sebäp, düýnkiñ däl?
Gysyp barýañla...

Ýürek howlukmasy,
Dem gysmasy, Söýgi döremesi, gynanmagyñ bu zatlar sebäp. Belki, başga zat diýjek boldumyka?
Men bu gyzyñ sonetlerini okap gaty halapdym, bu goşgusy öñki okan goşgularymdan hili pes çykypdyr.
Ady ýadyma ďüşenok welin guran agajyn aşagynda ýyrtyk köýnegimde hiññildik uçýan diýen ýaly geñ tüýsli goşgusy bardy şol goşgusy başgaçady
avatar
0
2 Pegas • 16:24, 23.01.2024
Sen bu awtory Laçyn Öwezowa bilen bulaşdyrdyň, agam. Öwezowada bardy sonetler.
avatar
0
3 Kyyas • 17:21, 23.01.2024
Şeýlemikä, mümkin!
avatar

uCoz