MENU

01:27
Onsoñy ýok

ONSOŇY ÝOK

,,Gürleşeli" diýme, duýgylam dymma,
Geplemek islämok hiçzat hakynda,
Arzuwlarym tussag, gursagym zyndan,
Men birwagt düşdüm yşgyñ atyndan.

Geçmişi ýañzytma, umydam berme,
Dertden derlän pikirlerim senlik däl,
Häzir mähir küýsäp tutjak ellerim,
Soñ çykaryp zyñar ýaly ellik däl.

Edil häzir gyzkly däl şu dünýä,
Jogaplarmyñ soraglarny ýitirdim,
Durmuş iki petek berýär ynsana,
Sen haýsyny getirdiñ?!.

Arasynda gitmek bilen galmagyñ,
Ýene tukatlygy seçip otyryn,
Geplemek islämok hiçzat hakynda,
Içimde ot ýakyp, öçüp otyryn...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 148 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Medicall • 07:31, 10.07.2024
Gowyken, jigim
avatar
0
2 Мango • 12:12, 10.07.2024
"Geplemek islämok hiçzat hakynda" diýibem ýene üstüne üç bent söz aýdar bolupdyr. geplemek isläýende näderdikä?

---
durmuşyň berýän ol iki petegi nähili petek-kä?
petek - bir ýerik girilende berilýär.
birinji petek - ýaşaýyşa giriş petegi,
ikinjisem - öýlenip ýaşamaga girişeňde berilýämika?
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 12:23, 10.07.2024
2) Mango daýy neme bu zatlar içgepletme kăwagt biri bir sorag berende içiñi gepledip otyrýañ-a ana şolar ýaly.

Hawa petekli ýerine zor düşünipsiñiz birinjisi geliş petegi ikinjisem gaýdyş petek...
avatar
0
4 Kerim • 12:15, 12.07.2024
Gowy gowy
avatar
0
5 Seýrаn • 00:26, 13.07.2024
Baýramyň ösüşi duýulýar. Galanam özüne bagly. Täzeligiň ugruna düşüpdir tüweleme.
avatar

uCoz