MENU

11:09
Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar
"ÖRÄN AÝDYÑ HEM ÇUÑ BIR HAKYKAT BAR"

Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
Diriler ölüpdir. Diriler ölýä.
Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
Başga biri bolup inýär bu dünýä.

Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?
Şahyrmykan?
Aşykmykan?
Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?

Eger şahyr bolsa, meniň şygrymy
Özüm bolup menden gizlin okýandyr.
Ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,
Menligine ajy gözýaş dökýändir.

Eger aşyk bolsa, söýmediklerme
Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.
Ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,
Öz päkligi bilen maňa duşmandyr.

Eger daýhan bolsa toprakdan alyp,
Oňa bermeýänme tutýandyr için,
Hem onuň bir oňat dilegi bardyr
Topraga bir tohum atarym üçin.

Indi bu ýaşlygam ötüşip barýa,
Etsemim bar bolsa, boldy bir çeni.
Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan
Depämden seredip goýmaýar meni.

Dünýede çyn sözüň sarpasyn saklap,
Çyn söz üçin özüm ederin gurban.
Ýazaryn, söýerin, tohum seperin.
Razy bolar
Şahyr,
Aşyk hem Daýhan.

Ölsem, dogry sözüň şol duşmanyny
Inkär eden — meni öper bu ýerim,
Müň ýyl ötüp, ýene döräp, şol şahyr.
Aşyk, daýhan bolup dowam ederin.

Yzyma seretsem, bir giden umman,
Öňüme seretsem, bir giden umman.
Geçmişiň öňünde uly bergim bar.
Geljegiň öňünde uly bergim bar.

© Gurbannazar EZIZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Pero | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 09:36, 13.07.2023
daşyndan reinkornasiýa temasyna degişli ýaly bolsa-da, başga meseläň kellesii agyrdýar Gurbannazar Eziz aga (ýa-da reinkornasiýaň üsti bilen başga meseläni gozgaýar).

"...kimkä meniň geçmişim?
Şahyrmykan?
Aşykmykan?
Ýa daýhan?"

-diýip, ajaýyp usul bilen (kimem bolsa) geçmişiniň üçüsiniňem bir okda göwnüni alýar, razy edýär.
ine ol ajaýyp formula:
"Ýazaryn, söýerin, tohum seperin..."
1) ýazmak - dörediji bolmak, 2) işiňi, durmuşy, barlygy, adamlary söýmek, höwesli bolmak we 3) tohum sepmek - döretmek, önüm öndürmek, peýda getirmek...
ana şonda, hem geçmişiň, hem geljegiň:
Razy bolar
(kimem bolsa)
(Isle) Şahyr,
Aşyk (ýa) Daýhan.

unutma!
Ýazmaly, söýmeli, tohum sepmeli...
avatar
0
2 Pero • 14:43, 13.07.2023
Hawa
avatar

uCoz