MENU

18:16
Öten agşam

ÖTEN AGŞAM

Öten agşam bir gurbaga,
«Aýdym aýtdy» zowladyp,
Öten agşam bir bilbilem gür baga,
Sygmady saýrap.
Lowlady, baý, lowlady.

Biri batgalygynyň tarypyn etdi.
Biri bakjalygynyň tarypyn etdi.
Ikisi-de uzyn gije heň edip,
Ikisi-de öz oturan ýerini,
Jennetiň bir künjegine deňedi.
Gurbaganyň dagy oturan ýeri-
Jennete-de gaýrada dur diýýärmiş.

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
05.11.2008.
Категория: Goşgular | Просмотров: 133 | Добавил: Мango | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Medicall • 23:27, 07.08.2023
Surata görä ýazylan ýaly eken goşgy, gurbakgajyñ bilbile düşündiraýşigine seretsene, ýylgyrmasañam ýylgyrýañ :)
avatar
1
2 Seýrаn • 09:11, 09.08.2023
Üstünden esli wagt geçipdir, ýogsam tema gytçylygyny çekjek biri däldir Laçyn. Özüni-hä tanap ýetişmedim heniz. Bir gün tapar-da meň bilen tanşasy gelse.
avatar
0
3 Мango • 09:24, 09.08.2023
tema gytçylygyny biz çekýäs... :-)
2008-iň eserini goýan men.
bu zatlary okaýan bolsa Laçynam täze zatlar iberer-dä.
garaşýas.
avatar
0
4 Seýrаn • 09:34, 09.08.2023
Gowy eserler könelmeýär, temasy elmydam ýörgünli bolýar.
avatar
0
5 Мango • 09:56, 09.08.2023
goşgyň aňyrsynda men propoganda diýlen çarhy görýän...
***
sesler barada.
näme üçin bilemok, gumryň guguldysy mende ýaramaz täsir goýýar.
ýüregim gysýar, tomusyň süýr günortany hemme reňkler aga öwrülende, üstüne-de gumry janawerleň tutuksy guguldysy....
ýürekgysgynç.
avatar
0
6 Okayjy_ • 01:26, 10.08.2023
Ýerine düşipdir goşga
avatar

uCoz