MENU

10:39
Öten agşam
ÖTEN AGŞAM

Öten agşam ýagyş ýagdy şybyrdap,
Säher tursam, duman dagy öpüpdir.
Haýbatly sil gamçysyny bulaýlap
Derýaň köprüsinden aşyr atypdyr.

Öten agşam garagol Aý ýatmady,
Käte bulutlarda özin gizledi
Käte bolsa akyp barýan bulutlaň
Yzyn yzçy tazy kimin yzlady.

Men bolsa şo mahal seni ýatladym,
Ýagşyň çalýan mukamyna diň salyp.
Armanlar ýüzüme ýylgyryp bakýar
Men oňaýýan uludan bir dem alyp.

Derýadaky batly sil deý akyp dur,
Meniň saňa bolan gizlin yhlasym.
Her öwrümde täzelige garaşýar
Bilesigeliji kejir ykbalym...

Ýöne bu gün säher juda üýtgeşik,
Bulutlar bir-birin eýgerip barýar.
Göwnüm armanlarmy yzda galdyryp
Arzuwlarym bilen beýgelip barýar.

© Meñli AŞYROWA

Arhiwden
Категория: Goşgular | Просмотров: 109 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Medicall • 15:54, 05.02.2024
"Armanlar ýüzüme ýylgyryp bakýar
Men oňaýýan uludan bir dem alyp."

Ylhamlanyp, joşup, täsirlenip goşgy ýazybermeli setirler eken:)
avatar

uCoz