MENU

23:21
Öýkeledim..
ÖÝKELEDIM.

Hasratyma aglaşdylar,
Ýöne olaram kireýne,
Üfläp umyt tüýdügime,
Maña bir bölejik bagty,
dözmedik,
Ykbalymdan öýkeledim.

Ýylgyramda gülüşdiler,
Ýöne olaram kireýne,
...Dem alsalar öýkenidim,
Üstümden bile gülüşen,
Bagrym gyran,
Gülkilemden öýkeledim.

Köki ýok, gögerdi ynam,
Üstüne ýagmady ygal,
,,Synan" diýme goý, eledim
Sypaty gu:rda çalymdaş,
Dostsyraşan,
Tilkilerden öýkeledim.

Maña bu şygry ýazyşan,
Samradan,
Barmaklamdan öýkeledim.

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Рейтинг: 4.6/5
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Medicall • 00:46, 26.05.2023
- öýkelemek gowy däl..
-nämüçin?!
-"öýkeläniň paýy süýji" diýerdi Enem..
- süýji bolsa gaýta gow-a, hem öýkelärin, hem süýji iýerin.
-ýok, öýkeleseň seň paýyňam başgalar iýerler diýmek ol..
--hmmm, iýibersinler, barybyr aglasalaram, gülselerem kireý bermeli..
-- kireý berenimden öýkelänimde paýymy iýenleri gowy diýýäňda..
--hawa, şoňçrip öýkeläp goýberjek

--dostlaňdan nämüçin öýkelediň?!
-äý, öýkelegim tutyp otyrka olardanam öýkeledim
--hm. olar senden öýkelemeli gaýta..
--men näme diýdim olara
--tilki diýdiňa
--haçan
--şu wagt
--aý goýa, nirede diýdim?!
--goşgyňda!
-- men ony hemmesine diýmedim, birjesine diýdim, onam diňeje goşgyda diýdim-a ..
-- hmm, bolubilýä, bolubilýä, soň dostlaň öýkelemese bolýa ýöne))
--

--
avatar
1
2 Мango • 09:00, 26.05.2023
Maña bu şygry ýazyşan,
Samradan,
Barmaklamdan öýkeledim.


öýkeläniňi bilmeseler dagy has beter çişýän ekeniň...
senä ondan öýkeläp ýatyň, olam duýanogam...
umuman öýkeläniňi garşy tarapa duýdurmaly, mysal üçin barmagyňdan öýkelediňmi, olam duýmaýan bolsa barmagyňy gapa gapjatmaly....
barmak şonda "men saňa näme etdim?" diýer. senem: "senden öýkeledim" diýersiň.

goşgyň gahrymanynyňky has kyn eken... öýkeleýänleri köp eken...
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 09:14, 26.05.2023
))))
avatar

uCoz