MENU

11:13
Oýlandyryjy setirler
OÝLANDYRYJY SETIRLER

Ömür - ondan irip biljegimiz derejede uzyn we nädip geçeni duýulmajak derejede gysga.

Deňlik käte deňsizlige getirer.

Üýtgemejek ýeke düşünjäm, düşünjelerimiň salymdan üýtgäp biljegidir.

Çagalygymyzda ulalmak, ulalanymyzda bolsa çaga bolmak isläris.

Özlerini sözleri bilen döwmegi başaranlar, maňa has beýik görüner.

Adamçylygyň ölenini makullaýanlar adamçylygy ölenlerdir.

Hemişe her islegimiň bolmagyny islämok. Meselem: bu islegim bolmasyn.

Käbir zatlar ynsanlara ýetdirmejek derejede uzak bolany üçin olar bagtsyz bolarlar. Ýöne bu kişiler ellerinde käbirleriniň ÿetip bilmejek zatlarynyň bardygyny bilmezler.

Nail KAPLAN

* * *

Düýn radioda bir aýdym goýberildi. Ýarysyny men ýerine ýetirdim, ýarysyny gözlerim. Aýtmak
örän ajy bolsa-da men seni küýsedim.

Käşge pin koduny üç gezek ýalňyş ýazanymyzda gulplanýan telefonlarymyz ýaly, ýüreklerimiz-de üç gezek ýalňyş ynsanlary söýensoň gulplansa.

Bolmady... Sensiz oýanmazlyk üçin bu gije-de ýatylmady.

Söýen ikinji zenanym sensiň. Birinjisi ejemdi. O dogurdy, sen öldürme.

Terk edilýärkäň "Görüşeris" sözi ýaly ajy söz ýokdur durmuşda. Öldüreni ýetmedik ýaly birem umyt berer.

Söýgi ýalan bolsa, näme üçin ajysy hakyky.

Ynsan söýenini taşlamaz, söýmek taşlar ynsany.

Men çagalar ýaly söýdüm. Döwleriňki ýaly ajy çekdim.

Seň ýanyňa gelenimde mydam elimi jübime salyp gelerdim. Birden söýgülimiň elleri üşän bolsa, aýalarymda ýyladaryn diýip.

Bir gün seni unutmaly bolsam, söýgümiň kiçidigine däl-de çäresizligimiň uludygyna ynan.

Bogazymda düwündiň. Ýuwutsam gitjek, ýuwutmasam öldürjek.

Diňe ýagyş ýaganda söýýän bu shäheriň ynsanlaryny. Herkimiň ýüzi nemli, başlary aşak egik. Edil meniň hemişeki halymdaky ýaly.

Atilla ILHAN
Категория: Terjime eserler | Просмотров: 87 | Добавил: Katalizator | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 14:58, 15.12.2023
(Atilla ILHAN)
ine originaly: Ben, çocuklar gibi sevdim, devler gibi acı çektim...

ine-de terjimesi: Men çagalar ýaly söýdüm. Döwleriňki ýaly ajy çekdim.

"dev" diýdigi akpamygyň döwi däl.
"dev" - uly, ägirt... manysynda

"acı çekmek" hem - ajy çekmek däl-de ezýet çekmek hem bolup bilerdi.
avatar
0
2 Medicall • 15:06, 15.12.2023
Käşge pin koduny üç gezek ýalňyş ýazanymyzda gulplanýan telefonlarymyz ýaly, ýüreklerimiz-de üç gezek ýalňyş ynsanlary söýensoň gulplansa.

hmm, üç gezek diýdow byla, bir gezegem artykmajy bilen ýetikle bir ömre, birinjide gulplanmaly, ondan soň ikinjä açylmaly däl. açaýmak gorkunç zat ol, hatda aýlyganç
avatar
0
3 Katalizator • 17:42, 15.12.2023
Birinji ýalňyşdy diýip, ikinji geljek dogry adamyň näme günäsi bar, Nurdan Hanym:)
avatar

uCoz