MENU

01:53
«Öýlerde bir-birden sönensoň yşyk...»

***

Öýlerde bir-birden sönensoň yşyk,
Älem galyp onuň ygtyýaryna,
Gör, bir aşyk gara gijä dyrmaşyp
Ýyldyz kakyp berýär söwer ýaryna.

Men hem bu gijäniň muşdagy, bilseň,
Akmaýanyň süýdün paýlaber, Saky!
Adam ömri çäkli däldir, söýülseň
Bir gijede ýaşap bolýandyr baky.

Ýok, özüm çekmedim beýle bijäni.
Aýdanym meňzemez gury bir söze.
Müň ýyldan synlaýyň gara gijäni,
Ýoklugymy asla bildirmez size...

© Orazgylyç ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 235 | Добавил: sussupessimist | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Çary5306 • 02:11, 29.01.2024
Sakyň süýt paýlamasyndan nähili many ogurlajagymy bilmedim.Çal paýlasa-da, düşünsem, düşünerdim. Ýa Akmaýaň süýdi (Galaktika manysynda almamyzda-da) asyrlaň geçmegi bilen çala öwrüląýdimikä?
avatar
0
2 Çary5306 • 02:31, 29.01.2024
Ýöne oň üçinem gönezligim-ä gerekdir
avatar
0
3 Мango • 01:06, 30.01.2024
owadan goşgy eken.
ýöne:
Akmaýanyň süýdün paýlaber, Saky!
--???
Saky - içgi paýlaýan kişä diýilýär (ol içki gazlandyrylan miwe içgisi däl) .
ýa-da "içgi arkadaşynada" diýilýän eken, ýagny "çüýşedeşe"...
Çary agaň diýişi ýaly Akmaýaň süýdi haçan turşap ýetişdikä? -diýesiňi getirýär...

ýöne "aşygyň gara gijä dyrmaşyp söwer ýaryna ýyldyz kakyp berişi" üçin ýyzzyllaň bäşisinem basdym.
avatar

uCoz