MENU

11:32
Öz-özüñi tanamak üçin kiçiräk anket
ÖZ-ÖZÜÑI TANAMAK ÜÇIN KIÇIRÄK ANKET

Ir bilen oýanýan. Öýüň ýerbe-ýer.
Keýpiň kök, janyň sag, hudaýa şükür,
Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öýüňdäki ajap sapa hakdamy?
Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?

Ynha bir edara. Başlygy – dostuň,
Ikimiz içerde «kikirde-kikir».
Gapyda kyrk adam garaşyp otyr.
Şonda näme kakda edersiň pikir –

Dostlukdaky täsin gudrat hakdamy?
Ýa-da işikdäki nobat hakdamy?

Saklandy gapyňda kerpiçli maşyn,
Maşynyň şofýory – bir ogry-mekir.
«Ýarpy bahasyna al şuny!» diýýär.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Jübiňe bähbitli arzan hakdamy?
Ýa kellä bähbitli wyždan hakdamy?

Ynha et dükany. Satyjy goňşyň.
Saýlap-seçip saňa bir budy çeker.
Yzyňdaka bolsa – gaty oňurga.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Özüňe edilen hezzet hakdamy?
Ýa ili çürkeýän ülpet hakdamy?

Barýar köçe bilen maýyp weteran.
Diňe maýybam däl, bir gözem sokur.
Sen bolsa «Wolgaly»
dazlap barýarsyň.
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öz ornuň, öz nyrhyň,
«Wolgaň» hakdamy?
Ýa «Wolga» ýetiren
pälwan hakdamy?

© Kerim Gurbannepesow
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Pero | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Häki • 16:26, 04.06.2023
Ajaýyp goşgy. Kerim aga, näme diýseňem durmuşyň inçe damaryny duýmany başaran şahyr.
avatar

uCoz