MENU

10:21
Öz ynanan zatlarym
ÖZ YNANAN ZATLARYM

Bahana agtarma, çäresin agtar,
«Türkmen» diýdir bitmez işi bitir-de.
Yhlas et, zähmet çek, iş bitir – magtan!
Öwünewer onsoň git-de-getir-de.

Her bir işe ýapyş ýüregiň bilen,
Yhlasyňda hiç kemterlik bolmasyn.
Demir ýaly erkiň bolsun içiňde,
Çagaňda-da hiç kemşermek bolmasyn.

Gul deý işle, gum sowrup depäňden,
Dünýä işlemäge gelen ýaly bol.
Dynç alaňda dynç al, alan şekilli,
Ýedi pyşdyň han-beg bolan ýaly bol.

Ýere bagryn baglan ata-babalaň,
Taryh şaýat, ýedi yklymy baglapdyr.
Başyňny goý, başyň ile baglasaň, ...
Mynajat kyl her säherler aglaplar.

Gursagyň küre deý alawlap dursun.
Gözde uçgun, jigeriňde köz bolsun.
Duýgularyň mydam gylawlap dursun.
Zybanyňda mydam süýji söz bolsun.

Şuglasy göreçleň Türkmenistandyr.
Türkmenistan röwşenlendi:r dideleň.
Türkmenistan ýollaryňy ýagtyldar.
Ykbalyňy ganatlandy:r diýdiler,
Söý, Watanyň, hyzmatynda sadyk bol.
Watan ömrüň manysydyr diýdiler.

2013ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Kyyas • 20:32, 17.03.2023
Mendirin diýen goşgysam barmydy Laçynyñ
avatar
0
2 Kyyas • 20:37, 17.03.2023
Wiý mendim diýän bolmaly
avatar

uCoz