MENU

09:25
ÖZÜM HAKDA

ÖZÜM HAKDA

"Özüm hakda sazymdan oñat aýtjak ýok"
Nury Halmämmedow

Bu gün halypa Şahyr Zenan Oguljemal Çaryýewanyñ doglan güni. Biz hem ony Edebiýat Kafesiniñ administrasiýasynyñ adyndan iñ gowy arzuwlarmyz bilen gutlaýarys!

Özüm hakda saña näme aýdaýyn,
Belki, söhbet eder ony goşgulam.
Tymsallarym, yrymlarym-aýdanym,
Sözlerimde yşkym bardyr hoşgylaw.

Dana sözde, öwüt bermä hakym ýok,
Setirlerim golun seren zürýadym.
"Ölçäñ, alyñ" diýmäge-de çakym ýok,
Dymyplar agladym, içde perýadym.

Başym sypap "Goýaý" diýen bolmady,
Kän ökünip bakdym eden işime,
Gözýaş Göge damdy, mährim solmady,
Başym goýup ýördüm dünýäñ döşüne...

Özüm hakda ýene näme aýdaýyn,
Talhatandan gaýdýar asyl gözbaşym.
Sözüm - Tugum, pelsepeler - baýdagym,
Watan, Ejem, kakam, Barlyk Sözbaşym.

© Oguljemal ÇARYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 258 | Добавил: Medicall | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Kyyas • 09:58, 22.02.2023
Gutly bolsun! Ömri uzak, biz gögeleler üçin mugallym, mekdep, messep bolup, özi ýaly ýiti zehinli ýazyjy şahyrlaryñ halypasy bolup, ak patasyny bersin! Mydam görjegi gowulyk bolsun!
avatar
1
2 Мango • 12:00, 22.02.2023
Gutlaýaryn Oguljemal hanymy!
Ähli haýyrly zatlary dileýärin.
Öz arzuw-islegleriniňem haýyrlysy amala aşsyn.

--
baýramçylyk, gutlagly bolany üçin goşgyň sözbaşyny reňklije etdiňmi, Admin hanym?
avatar
0
3 Medicall • 23:11, 22.02.2023
Gowy gelişmedimi?! Açyjak reñk, zenanlaryñ goşgusyna, mundan öñki goşguda-da goýupdym:)
avatar

uCoz