MENU

22:16
Özümçe
ÖZÜMÇE

Sogabymdan algyly bar,
Men bolsa öz eden günälerimi,
Bilip we bilmän eden günälerimi,
Unudyp bilemok.

Bilgeşleýin dogulmadym,
Bilgeşleýin ýaşabam bilemok.
Ýöne goşgyny bilgeşleýin ýazýan,
Näme üçinliginem bilýän.

Sogap, günä – ine, şu iki düşünje,
Adamlaryň terezisi.
Haýyr bilen şerem
Şu iki düşünjäňe düşenjesi.

Sogap edip adamlara ynandym,
Günäkär mahalym güýjedi güman.
Soň günä öýdenmi ýeňilleşdirdim,
Men şeýdibem günä etdim.

Umuman,
„tobaň atasy diri, tobaň atasy baky“
– diýip, ýene garadym
güzeriň ýakasyndaky,
Saçyn sallap oturana,
turýança
Ýalançy çyna öwrüldi,
Perişdäm jyna öwrüldi.

Dünýäniň täreti ir bozulypdyr,
Gowak, çatma, küme, kepbe, kerpiç jaý,
Siwilizasiýa ösýär häli,
Oýlanyp tapýarys täze terezi.

Ýalançy tutulmaýar dostlar!
Geliň,
Gije giňeýär hütdügim.
Goşgy bir okaşalyň-la,
Hutma-hut çyksamam utdugym.

Seýitmyrat Geldiýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Aksary | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 23:15, 21.01.2023
pikirlenip hem pikirini aýdyp bilýänçi şahyr.
menem goşgyň manysyna ýakyn pikirleri kellede aýlapdym.
käşkä bizem goşgulap bilsedik.
garaz. her kimiňem günäsem, sogabam bar.
maslahata görä sogaplaryňyzy ýatlap ýörmeli däl, oňarsaň unutmaly. iňsoňy sogaplaň ýitenog-a.
ýöne welin, günäňi unutmaly däl.
günäňi ömür boýy ýagyrnyňa ýük edip gezmeli.
sebäbi bu ýük, bu ahmyr seni täze günä etmekden saklamaly. şeýlelik bilen bir tarapdan günäleriňdenem peýdalanyp bolýan ýaly.
sogabyňy ýatlap ýörmegiň bolsa howpy bar.
edeniňi diliňe alyp ýörseň, "çemçeläp gazananyňy çanaklap" dökäýmek howpam bar ýaly.
şahyr bolsaň, bulary şygyrda şygyrdatsaň....
avatar
0
2 Mekan • 23:46, 21.01.2023
Birinji setirden soñ, indi gybaty edileniñ gürrüñi bolar diydim. O setir ýöne duran eken.
avatar

uCoz