MENU

00:05
Pähimlenip bilýän bolsa başymyz

Pähimlenip bilýän bolsa başymyz
Gudurat ahyr töweregimiz - daşymyz.
Tebigatdyr çagalykdan tanşymyz
Şondan uly ussat bolup bilmersiň.

Pul ynjalyk bermez sanap görmeseň,
Ömür sürdügiň däl ýaýnap görmeseň.
Agyr menzillerde synap görmeseň
Kimiň kimdigini bilip bilmersiň.

Türkmeniň düýesi, Hindiniň pili
Agyrap - ynjatmaz bolsa-da uly.
Emmaki eşekden ýykylsaň weli
Wagtynda ýeriňden galyp bilmersiň.

Gök gübürdäp ýagjak ýagşy buşlaýar
Kelle pikirlenýär - galam işleýär.
Ýene-de bir açyş etdim aşnalar:
Öňürti ýylgyrman gülüp bilmersiň.

Hakykat kän bolman, ýeke - täk bolsa....
Ahyr alyp çykar ýürek ak bolsa.
Öz kalbyňda sahawadyň ýok bolsa
Iliňkä-de şöhle salyp bilmersiň.

Näbileýin, bagt diýilýän nämede.
Ýöne belli: bakmaz kaddy-kamata.
Haýyr işiň bolsa goýma nobata,
Iki gezek dünýä gelip bilmersiň.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Medicall • 00:24, 31.12.2023
hindistanyň poýuzyny bu goşga ýükläpsiň-de,"şundan başga surat ýokmuka, bu goşga bu suratyň näme dahyly barka" diýsem bu goşguda-da "hindistanyň pili" diýip durikeni:) senemmara goşgy goýsaňam hindini agzaýançy ýerini tapýaňaý hää, işiň-mişiň hindile bolaýaraý:))) indi teswirde-de hindistan goýjak diýdiň-a, olam şu suratmy hää, ýagny şuny geçirip bereýinmi teswiriňe-de:)
avatar

uCoz