MENU

11:07
Päkizelik

Bolar keşbiň şolar ýaly
Taňry nähili ýaratsa.
Adam päkize bolmaly,
bolmaly Adam arassa.

Tämiz adamyň bar zady
arzuw edilşi ýalydyr.
Päkizelik – medeniýetiň,
syratyň gylla ýarydyr.

Onuň galan ýary – seniň
gursagyňda, kalbyňdadyr.
Garyp saýmagyn özüňi
bolsa tämiz kalbyňda – dür.

Sen özüňe ber serenjam,
gitmezden öň toýdur-ýasa.
Şonuň üçin çykalgada
aýna-darak goýdurýas-a.

Päkize bolmaly adam
gidende, gelen mahalam.
Ol, perişde ýaly, tämiz
bolmaly, ölen mahalam.

© Atajan ANNABERDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Atajan Annaberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 14:37, 25.11.2023
Päkizelik – medeniýetiň,
syratyň gylla ýarydyr.

hadys:
Tämizlik imanyň ýarysydyr
avatar

uCoz