MENU

11:04
Pisada döndi
PISADA DÖNDI

Bu ýyl bir ýaman ýyl bolup,
Haýr işler pisada döndi.
Ähli-diller bidil bolup,
Şatlygy naşada döndi.

Zebun geçdi niçe aýlar,
Örtendi pakyrlar, baýlar,
Ne ajaýyp abat jaýlar
Ýykyldy, bibada döndi.

Garny doýman aşdan-nandan,
Halaýyklar geçip jandan,
Begzadalar çykyp sandan,
Maslahat betzada döndi.

Süýthor baýlar wagtyn tapyp,
Gezer pakyrlary çapyp,
Jomartlar suprasyn ýapyp,
Satygçy hannada döndi.

Göterlip mähri-şepagat,
Gidipdir sabry-kanagat,
Köňli ýumşak, ähli-tagat
Binurbat jellada döndi.

Mally gurradyr malyna,
It aglar garyp halyna,
Şum hannadyň ykbalyna
Gamly güni şada döndi.

Ogul ata hyzmat kylmaz,
Ata hem ogluny bilmez,
Dogan dogana göz ilmez,
Her haýsy bir ýada döndi.

Bu gymmatlyk boldy uzak,
Tozdy garagalpak, gazak,
Bir nan üçin gurup duzak,
Il bary saýýada döndi.

Bereket gidip bar zatdan,
Ynsap gidipdir hannatdan,
Şalar düşüp adalatdan,
Işleri bibada döndi.

Köp mahallar gussa ýutup,
Bu günler hem gider ötüp,
Gudrat bilen derýa tutup,
Misli bir polada döndi.

Il gelsin diýp ystygfara,
Seýdi sözleýir bir para,
Her kim sygynsa gaffara,
Müşgüli güşada döndi.

© Seỳitnazar Seýdi
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Pero | Теги: Seýitnazar Seýdi | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 13:57, 22.09.2023
Hannad sözüni üç ýerde-da agzapdyr, gowy söz-a däl oguşýa, näme many berýarka? aýaldogan sagbol paýlaşanyňa
avatar
0
2 Pero • 14:34, 22.09.2023
Jomartlar suprasyn ýapyp,
Satygçy hannada döndi.

Sözlükden:hannas
[hanna:s], syp. Husyt, gysganç, gysyk. Bir sydyrgyn günüň ötse, Hannasyň eli bolmagyn (Baýly şahyr).

Hannat-hannas bolmaly. Sebäbi ýokarda jomartlar hannada döndi diýýä.
avatar
0
3 Мango • 17:02, 22.09.2023
"Hannas"-a sözlük "Husyt, gysganç, gysyk, betnebis, açgöz" diýse-de.... hannas başga zat bolaýmasa.
kurandaky "na:s" süresinde ""...weswäsil hannas..." diýýän ýeri bar.
oňa görä: (terjimesizem düşnükli-le, ýaltanýan terjime etmäge):
Hannas İnsanın duygu ve düşüncelerini bozmaya çalışan, onu Allah’ı zikretmekten vazgeçirmeye zorlayan, kötü fikirleri insana sinsi bir biçimde ilham eden (şeytan).

Hannas ynsanlardan, jynlardan we şeýtanlardan bolýan ekeni...

Hannasyň osmanlyjada şeýle manysam bar eken: "Geri çekilerek veya büzülerek, sinerek fırsat bulunca vesvese vermek için dönüp gelen. Sinsi şeytan. Besmeleyi işitince kaçan, gaflete dalınca musallat olan şeytan"
ýagny, ol ýürege weswese bermek üçin pursat gözleýär, pursat dörände herekete geçýär, garşysyna göreşseň yza çekilýär....

Seýdiniň goşgusynda hannas dälde başga zatmyka? mysal üçin "hannat, ýa-da hannad"? bu sözleň manysyny tapyp bilmedim.
avatar

uCoz