MENU

20:28
Poeziýa
POEZIÝA

Poeziýa aşyk bolup ýaşaýas,
Garşy çykýas "Nämä gerek?!" diýýäne.
Täze goşgy çyksa alýas, okaýas, Oňat goşgy az bolýarmyş dünýäde.

"Ol söýgi, synmajak durmuş baýdagy,
Geçmişe, geljege bakýan gözümiz.
Ähli döwürleriň ýürek aýdymy,
Kitaplardan gözläp ýören sözümiz"

diýýäs hem darygýas, pikir edýäris,
Jedel bilen goraýarys şahyry.
Zähmet bilen ýetişýändir öýdyäris,
Poeziýa düme bitýär ahyry.

© Seýitmyrat GELDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: lirika | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Kyyas • 21:17, 27.04.2023
Düme gögersede zähmet talap edýär
avatar

uCoz