MENU

12:11
Poeziýa

POEZIÝA I

Poeziýa!
Men seniň yşgyňda gezdim,
Men seni kalbymda göterip geldim,
Göterip gezşi deý
ene garnynda
Ölen bäbejigin hamyla gelniň.

Poeziýa!
Sen ömrümiň bahasy,
Nesip etse, ölerin men eliňden
Bäbejigne goýup ýagty jahany
Ýaş üstünden gidişi deý gelinleň...

* * *

POEZIÝA II

Poeziýa saňa barym berdim men,
Galplyk ýokdur! Düşürmedim düşnügni
Gynanýan: düşnüksiz ömür sürdüm men,
Gynanýan: goşgulam juda düşnükli.

Kynçylykmy? — onuň ýakarys jantyn,
Ýaşa-da ýaz, ýaz-da ýaşa — jowranma!
Ömrüň ýaryn öljegime gynandym,
Galan ýaryn — gynanaryn doglanma.

© Nobatguly REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: Medicall | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 11:17, 02.09.2024
Ömrüň ýaryn öljegime gynandym,
Galan ýaryn — gynanaryn doglanma.

gyzykly....
ýarty ömrini ölesi gelmän ýaşapdyr,
soňky ýarysynam ölesi gelipdir...

ölüp, täzeden direlmek üçin ölesi geldimikä..., ýagny baky ýaşasy gelip, ölesi geldimikä...
avatar
0
2 Seýrаn • 11:25, 02.09.2024
Nobatguly agaň genialnyý goşgularynyň biri. Poeziýa barada juda güýçli ýazylan goşgular. Gepi köpeltmän, laýyk ýazypdyr.
avatar

uCoz