Polat Garryýewiň pikirini okamak örän çetin. Esasan hem başy höwürtgeli işi hakda dogry zat atmak kyn. Eserdäki şahsyýet suratkeşiň öz awtoportreti. Başyndaky guş, höwürtge hem ýumurtga ählisi nyşan. "Är başy gowgaly bolarmyş" diýleni. Olaryň ählisi mümkin öz maşgalasydyr. Höwürtge öý ojak manysy bolsa, guşyň şekili maňlaýyna gonan bagt guşy öz maşgalasydyr. Ýumurtga bolsa perzentleri diýse bolar. Eserdäki ýaly başyň dik bolsa, maňlaýyna bagt guşy gonsa, höwürtgäň sypaly ýaly jebis öý-ojagyň bolsa, içinde kemally perzendiň bolsa ynsan üçin şondan ýagty gün hem gerek däl. Suratkeş eserde sada dilde öz ömrüniň "ýagty günini" şekillendirýär. Emma onuň gözleri ýumuk , eýsem ol haýsy zat hakda pikir ýüwürtýär? Mümkin başyndaky nyşanlar sebäpli gowgasy tükeniksizdir. Ol bolsa nakgaşyň filasofiýasy...
Interpretasiýa bilen ylalaşmanam bolar. Her kim özüne geregini gözlemäge hakly. Belki, durmuşynyň ýagty günlerini - mähriban höwürtgesini ýatlaýandyr? Belki-de aňyrsyndaky Gündür öýdüp oturanymyzam - ýumurtgaň sarysydyr... Sungatyň gyzygam şonda. Surat gyzyklyja eken. Paýlaşanam, çekenem, interptretirlän sungat öwrenijem sag bolsun.
Gündür öýdülýän ýer- boşluk, ýumurtagalaram içinden näme çykjagy nämälim zat bolup göründi.( surata seredýän wagtyňdaky ruhy ýagdaýa da bagly bolsa gerek) * Şuň ýaly suratkeşleň esbaplaryny nireden tapyp bolýarka, dökülmeýän reňkler, kendir, çotga we.ş.m
Maňada Seýranyňky ýaly ýorum geldi kelläme. Başyňy elmydam dik tutmasaň, sähelçe bolsa-da aşak egseň başyň täjiň hasaplaýan ähli gymmatlyklaryň çym-pytrak, kül-peýkun bolar. Şoň üçin mydama başyňy dik tutmaly.
O guş, bagt guşy däl-de, ylham guşy bolaýmasa. Ýumurtgalaram pikirlerdir. Haýsy ýumurtgany çüňki bn döwüp, haýsyny basyrjagy guşa bagly. Awtoram gözüni ýumup, şoňa garaşýar öýdýän.
Belki-de höwürtge -dünýä, Ýumurtga-dogulyş bn ölüş,ýagny olaryñ arasyndaky "2 günlûk" sürülýän ömür. Guş-adamyñ ruhy Adam üçin bi dünýe bir düýşdir,belki şonuñ üçin adamyñ gözleri ýumukdyr.
kellä gelenler: (ýalňyşmaýan bolsam) Isfendiýar hanyň frazasy (takmynan): Bulary erkine göýberseň, kelläňde höwürtge ýasarlar. --- kellede ýasalan höwürtge, gözüni ýuman adam, ýürekgysgynç sary reňk, ýürekgysgynç simmetriýa: sary günmi, ýumurtgaň sarysymy kartinaň deňje ortasyna sazlanan, deňje simmetriçnyja kelle... --- bu sary ýene-de türkmen tomsunyň süýr günortanyny ýatlatdy: ýüregedüşgünç ünsümlik, hiç zadyň başy gymyldanok, diňe bir ýerlerden gumrularyň "guk-gugy" ýüregedüşgünç gaýtalanýar... kartinaň bu ýürekgysgyç однотонный birsydyrgyn sarysy adamyň reňkinede çykypdyr... bäh, bu sary kartinaň köp bölegini tutup duraý... ....