MENU

09:48
Pursat
PURSAT

Sensiz doňup galan pursaty gyssap,
Yerime howlugýan bile gezmelän.
Içinde ylgardyk şemala garşy,
Gyzyl gülalekleň,yaşyl selmeleň.

Şo:l köl sensizlikde gugaryp galdy,
Gaýyklar gyrada yrgyldaşyp dur.
Baraklaram saz çalanok şowhunly,
Öňki gür ýylgynlar selçeňleşipdir.

Ýassanyp bir-birin şol goşa çynar
Seretsen-e bize garaşypdyrlar.
Biz dey öýkeleşip ikä bölünen
Yodalar-a eýýäm yaraşypdyrlar.

Kem-kem dyzyn epýär garamtyl iňrik,
Üzüläýjek bolýar duýgulaň tary.
Buýsançdan ýeňilen hem ejiz hem mert,
Ýürek ýitiripdir sabyr-karary.

"Durmuş aňsat,kynlaşdyrýas özümiz"
Diýseler-de haklygyny kim görmüş?!
Buýsanjy unutsaň aňsatdyr belki,
Bize şeýle kyn görünýän bu durmuş.

© Meñli Aşyrowa

Arhiwden
Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Lacrymosa • 21:30, 30.12.2023
Gaty gowja goşgy eken, ömrüň uzak bolsun, Meňli jan!
Dawno şular ýaly duýgabaý goşgy okamandym. Tekrar sagja bol. Arhiwiňde, yagny bukjaňda gowy goşgulaň bar eken, hany, ýene dörüşdir bukjaňy
avatar
0
2 Pero • 22:22, 30.12.2023
Sagbol,Laçyn bajy! Dörýän,şu günler. Arhiwe baryp özümi tanaman otyryn:)))
avatar
0
3 Lacrymosa • 22:38, 30.12.2023
Arhiwe barsaň bar, ýöne o ýerde uzak eglenme! Arhiwde arwah barmyş.
täzeden täze zatlar ýazjak bol esaasy
avatar
0
4 Pero • 23:01, 30.12.2023
:))) Arwahdan gorkamok-la,o menden gorksun! Goragly barýan. Şu günler köne ýyl bn täze ýylyñ sepgidinde bolamyzsoñ arhiwden goýagoýýon. Täze zatlar nesip bolsa,täze ýyldan:))
avatar

uCoz