MENU

12:25
Pursatlyk pikir
PURSATLYK PIKIR

Sen-ä Güne meňzeş, men bolsa Aýa,
Çünki Gün özünden saçýar şöhlesin.
Aý bolsa Günüň şol ýagtylygyny
serpikdirip, ondan yşygyn alýar
hem açýar gijäniň gözel söhbetin...

Sen beýik dag bolsaň,men seniň da:şyň.
Eger çykmak isleseler üstüňe,
Zyňlyp aýaklarna ýaralaryn men
Hem çykaryn ýaman päliň kastyna!

Bilýäňmi, sen Zemine meňzeş,
A men bolsa, mawy Asman.
Eý, ýok beýle bolsa...
Bir-birege duşup bilmän,
Ömürboýy aglap geçmegim ahmal!
Onsoň gözýaşymdan gark bolup Zemin,
Geler gül ömrüňe soňlaýjy ahwal.

...Yşkymyň dagynda mumyýa deň bol,
Menzilme hemdem!
Ýok, gel iň gowusy sen-ä sen bol!
Men bolsa men!

01.06.2023
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Sakçy | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz