MENU

04:08
Pyşyrdy

PYŞYRDY

Uçur gözleňdäki durnalaryňy.
Bu iň owadan aýralyk bolar.
Sesim gapyňyzy kakmaz irdenine,
Geçelgede barmaz ysym arkaňdan.

(Ruhumy ýitirdim.
Ýöne bilýärin,
Tapjagymy ony siziň raýondan.)

Uçur goýnuňdaky kebelekleri.
Hem sen aglama ejeň ýanynda,
Del sebäbe bukup meniň hatamy.

Duýýaňmy ruhumyň her gün
Gujaklaýşyny,
Işe gideňsoň
Daragyňda galan saçyň taryny.

Uçur ýürekdäki kepderileriňi...

2020ý.

© Rahat ŞYHYÝEW
Просмотров: 129 | Добавил: begenc | Теги: Rahat Şyhyýew | Рейтинг: 3.4/5
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Pero • 07:53, 02.04.2024
Ör turup el çarpmaly etdiñ,tüweleme! Bu niçiksi pafos,bu niçiksi romantizm,şol bir wagtda-da göni-pert duýgy añladylmasy.
Bir söz bilen BRAWO!
avatar
0
2 Seýrаn • 08:50, 02.04.2024
Oňat oňat
avatar
0
3 sussupessimist • 11:50, 02.04.2024
Sesim gapyňyzy kakmaz irdenine,
Geçelgede barmaz ysym arkaňdan...

...Hem sen aglama ejeň ýanynda,
Del sebäbe bukup meniň hatamy.


Şu setirleriň gurluşynda düzedip, gowlap bolaýjak tagaşyksyzlyk bar. Özümem "bukwoýedligi" halap baramok, dogrusy, sözlemi "hem" bilen başlamagyň gürrüňini edemok, ýöne şeýdip başlaňda-da tebigy hem sazlaşykly ýaňlanar ýaly etmeli.
avatar
0
4 Küle • 21:38, 02.04.2024
Birki tyrky kem ýaly çyndanam. Ýöne...
avatar
0
5 Мango • 00:14, 03.04.2024
gözlerde durnalar
gujakda (goýnunda) kebelekler
ýürekde kepderiler...

bu ganatlylar nämäň simwolyka?

---
daragynda galan saçynyň taryny gujaklaýyşyny haladym...

5-lik.
avatar

uCoz