MENU

22:50
Ruhumda ýara bar...

RUHUMDA ÝARA BAR

Ýyl geçdikçe täzelenen,
Yza berýär käte-käte,
Ruhumda ýara bar.

Ynandym adamlara, baglara,
Allara,
Eý, dünýe, meni aldama,
Ruhumda ýara bar.

Ganly gözýaşlar saçdygym,
Dünýe, ýeňsäňi aç bu gün,
Ruhumda ýara bar.

Üşär ýaly sowugam ýok,
Gorkar ýaly ýow günem ýok,
Entek meň bir oglumam ýok,
Ýöne
Ruhumda ýara bar.

©Suraý BABANYÝAZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 232 | Добавил: Pegas | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 7
avatar
2
1 Merdan • 01:28, 28.05.2024
Behh, ol ýara oglyñ ýoklygy bilen baglymyka, kän alyp bilmedim pelsepesini.
avatar
0
2 Şemşat_Nefesowa • 03:12, 28.05.2024
Gorkar ýaly ýow günem ýok diýýär-ä Merdan ÿowa dider ýaly oglam ÿok,pelsepe sunda. ýöne ruhunda ýara bar.
avatar
1
3 Ak-sary • 01:07, 29.05.2024
B"berýär" däl-de "berýäN" goýsañ ajap boljak
avatar
0
4 Belki • 12:57, 05.09.2024
Way bizin goyan suratymyzy ogurlapdyrlar :)
avatar
0
5 Nurdаn • 20:43, 09.09.2024
Mahym, jigim, soñky goyan postuñy öçürdim, öz sebabi bar oñam, eseri paylaşan günäkär däl ýõne oñ öçürilmegine. Şonuñ üçin eser paylaşylanda awtoryna seretsek dogry bolar.
Bolmasa paylaşjak eseriñizi görünmeyan edip goýuñ, geçirmeli awtor bolsa açaýaryn posty, okmy gülim?!:)
avatar
1
6 Belki • 21:06, 09.09.2024
6.
Çak edipdim
Soñkunam pozaýyñ onda. Olam şoňky. Paýlaşanymdan soň okadym bu teswiri.
avatar
0
7 Nurdаn • 00:04, 10.09.2024
Okey)
avatar

uCoz