MENU

20:28
Sabyr çeşmesi
SABYR ÇEŞMESI

Çeşmäniñ başyna baryp her säher,
Öz derdimi aýdýan akýan bulaga.
Towlanjyrap şybyr-şybyr ses edýär,
Gör neneñ ýakymly degýär gulaga.

Özümiñ biçärä öwren bedenimi,
Galkyndyrýar tans oýnaýan damjalar.
Saz çalýan otlary bagryma basýan,
Ýeri bagyrtlaýan, gumy penjeläp.

Özümi oklaýan sowujak suwa,
Kir kimsi göwnümiñ alyp gusulun.
Günäme utanyp gelýärin toba,
Päklenjek bolýaryn gözläp usulyn...

Sabyr bilen dolup akýan çeşmeden,
Şükürimi dolýan basyp dahanym.
Çeşmäniñ başyna gelýärin her wagt,
Naçarlasam ýa gelen-de gaharym.

© Remezan MÄMMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Medicall • 21:22, 20.07.2023
Gör nähili ýakymly degýär gulaga

"Nähili"-ni neneñ diýseñ bogun deñleşjek eken. degýär gulaga - bulam maña-ha gulaga degmesi gowy eşidilmedi. Belki ýürege siñensoñ gulaga ýakymly eşidilýändir...

Şonuñ üçin meniñ wariantym:.
Gör neneñ ýakymly, siñýär ýürege
bolardy
avatar
0
2 Medicall • 21:32, 20.07.2023
Bedeniñi naçara öwürmek, naçar ejiz, betbagt, biçäre diyen manyda alynanam bolsa naçar göçme manyda aýal, gyz diýmegi añladyany üçin goşgyñ awtoram zenan däl bolansoñ naçar, naçarlamak sözleri ol setirleriñ manysynda halatman dur diýesim tutup dur
avatar
0
3 Medicall • 21:35, 20.07.2023
Bulak:
Şybyrdap towlanjyrap ses edip ýatandan, towlanjyrap, şybyr- şybyr seslense-de boljagiken...

Goşgy umumy manyda gowy, siz erkin formada ýazanyñyzdan şu formada gowy ýazýañyz. Sebäbi erkin formada sözleri beter tygşytsyz ulanýañyz, gerekmejek sözlerem Ussat Şahyryñ aýdyşy ýaly: "artykmaçlyk duşmanydyr sungatyñ" "men sözümi bir söz bilen aýdýarkam, bu ýerde üç sözüñ geregi nãme?" diyişi ýaly käte owadanlajak bolup goşuberýän sözleri awtoryñ aýtjak bolýan zadyny bulaşdyryp, goşgyñ, sözüñ manysyny üýtgedýär.

Galamyñyz ýiti bolsun!
avatar
1
4 Kyyas • 22:07, 20.07.2023
Minnetdar!
Hawa, aýdanyñyza düşünýän. Sylapberdi dädäniñ diýişi ýaly ylhamyñ joşan wagty ýazylýar. Soñ zehinim kemterlik edeni üçin agsak goşgular çykýar.
Näçe sözlük gorumy dörsemem bar çykýany şunuñ ýaly.
Wagtynda düzedip bilmesem soñ şol maýyplygyna galýar.
Üstünde işlemeli diýilmesi ikinji gaýta düzediş bermeklik maña kyn düşýär. Düzedere sözüm ýetenok
avatar
0
5 Medicall • 22:46, 20.07.2023
Ana, indi birinji bendi düzedeniñizem, ikinji bentde "naçar" sözüni biçärä" çalyşanyñyzam gelişdi indi.
avatar
0
6 Kyyas • 00:11, 21.07.2023
Minnetdar! Kömegiñize
avatar

uCoz