MENU

11:36
Saçlarymy örüp bersene, eje!

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Sowuk şemal oýnamasyn taryny.
Bilýäň-ä, gam-gusamy undaýmam bar,
Mährem elleň sypalanda başymy.

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Kalbym rahat tapsyn seniň mährinden!
Mähriň yza gaýtmazlygma goltgy bor,
,,Ynamňy ödärin!" diýen ähdimden!

Saçlarymy örüp bersene, eje!
Meň edebim seň elleriň keşdesi.
Hemem maňa geçen mähribanlygyň,
Hiç tükenmez ýaly ylham çeşmesi.

Saçlarymy örip bersene, eje!
Bahanada hem bagryňa bas meni!

23.03.2023
Enemähri Guwanowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Garlawac | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 13:57, 21.10.2023
Saçlarymy örip bersene, eje!
Bahanada hem bagryňa bas meni!

"bahanalap" bolaýjak ýaly...

"Saçlarymy örip bersene..."
goşguda gahryman uly ýaşly gyza meňzeýär.
uly gyzlaryň saçyny ejesiniň örmegi birhili görünýär.
ýöne "saç örmek" bu ýerde belki ejesi bilen, ejesiniň söýgüsi, mähri bilen kontaktlaşmaga bir bahana bolmagam mümkin...

ýadyma düşdi.
kiçiräk okuwçykak kanikullarda enemiziň atamyzyň ýanyna giderdik (goýup gaýdardylar)... şonda enem bilen atamyň arasynda ýatardym (käwagt), enemem özi ýadaýança barmaklary bilen meniň ösgün çaçlarymy daraklap sypalar ýatardy... pahyr agtygyndan lezzet alýan bolmaly...
avatar
0
2 Garlawac • 14:35, 21.10.2023
Aslynda 3-nji synpdan bäri saçymy özüm örüp gelýän.Goşgyny ýazanymda ejemden uzakda, başga welaýatdadym. Şol sebäplem ejemi küýsäp içimden gelen setirler bi...
avatar

uCoz