MENU

12:06
Saçyñ näme...

SAÇYÑ NÄME

Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Muňa bir söz bilen jogap bermek kyn.
Ir giden atama bergidar galdym,
Bir tar saç şoň üçin düşendir mümkin.

“Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Wah, sorama, onuň sebäpleri kän.
Ejem bir şatlyga garaşýan güni
Öýde az-kem hasrat tutupdy mekan.

“Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Käte ne özüme, ne-de bi ile –
Peýda bermän kän günlerim boş geçdi,
Düşen bir tar saçyň sebäbi şeýle.

“Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Güldüler ýörşüme özümi kösäp,
Dogry sözüm üçin urdular käte,
Hatasy barlardan soralman hasap.

“Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Perwaýsyz seredip bilemok dünýä.
(Bu zatlara düşünmedik düşünmez,
Bu zatlara düşünenler düşünýä.

“Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Belki, şu ýerliksiz soragyň üçin
Bu seýrek saçlaryň ýene bir tary
Edil şu pursatda düşendir mümkin.
Категория: Goşgular | Просмотров: 159 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Tirkiş Sadykow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 16
avatar
0
1 Мango • 16:46, 24.12.2023
o surat goşgyny zaýalap oty...
***
surat çalşylypdyr.
diýmek bujagaz iki teswirem aýyryp göýýermeli (admin).
avatar
0
2 Lacrymosa • 17:31, 24.12.2023
Otyýsyn! (girrelýän stiker)
avatar
0
3 Medicall • 09:12, 25.12.2023
dogrudanam şu goşga edil şu suraty ýüklemek näme many berýärka?... goşgy bir zat diýýär, surat başga zat diýenokmy? ýa ikisem bir zat diýýärmi?
.
avatar
0
4 Medicall • 09:14, 25.12.2023
bagyşlaň, surat goşga ters bolup duransoň ýüklän awtoryň goýan suratyny aýyryp goşga kybap gelýan başga suraty men goýupdym, ýene öňkisini goýup berdim ýerinde.
avatar
0
5 Sylapberdi • 21:14, 25.12.2023
Saç ýöne suratdaky ýaly seýreklemeýâr))
avatar
0
6 Lacrymosa • 10:44, 26.12.2023
1-njiden: posty açmankaň daşynda saç timary,


ýagny прическа-sy häzirki wagtda adaty bolmadyk bir muçjina otyr, ýokarysynda-da ,,Saçyň näme...” dp ýazylgy. Muny gören okyjy posty okamaga howlukmaly. Lowuşka bi. (,,Saçyň näme ýerçeken, nädip ýörsüň, ulalyp oňalmadyk, sypatsyz, nejis'' diýen ýaly)
2-njiden: bu прическа Türkmen halkynyň milli прическа –sy. ýagny öööööňler adaty прическа bolan. Hatda biziň özümizem çagalykda şu прическа-dadyk. Ýalňyşmasam, munuň maňlaýdaky bölejigine ,,alynsaç” diýilýär, ýatdanam çykyp ýatyyyya-a-ow! Depäň iki gapdalyndan goýulýan çogdam saçlara gulpak diýilýär. Ýeňse çukurda goýulýan çogdam saça çokul diýilýä. iki çekgesindäkä zülp diýilýä. Umumy alaňda, bu прическа «gulpak goýdurmak» diýilýär. Goýduran gulpaklaryňy — çogdam saçlaryňy syrdyrman, galan ýerlerini aram-aram syrdyryyyp, kelläňi ýeňlediiip geziberýäň. Onsoň çogdamlar ulalýar, örüme girýär weli olary birleşdirip örübermeli. Aralyklaram akça-arassaja bolup durýar. Kelläň saçsyz-a bolanok, tutuş saçam agyr bolýar. meniň häzirki saçlarym tutuşlygyna syrylman, goýlan gulpaklardan ulalyp giden. Suratymy goýaryn häzir gaharym gelse...
3-njiden: by haýranyň bakan boluşjygyna seredäýiň-dä. Gyýa-gyýa bakan bolýar-a. Muçjinalaň «радостный дебил» diýilýän sortundan ýaly görünse-de gözleri dobry. Samsyk däl. Prosto, ýaşy birçene barsa-da garagol galasy gelýä. Içinde bir 5 ýaşly oglanjyk at salýa. Garramasy gelýä — ýaşasy gelýä...
4-njiden: surat bilen goşgynyň kapiýalaşmagy şertmi? Aram-aram kapiýalaşmanam biler-ä
5-njiden: saýta zyýanly bolsa, Adminka, aýryp, özüňize sazlabermeli, men gaty görmen. Boýnuma alýan, surat saýlamakda wkusym ýok.
6-njydan: Sylapberdi aga, ilçilikdir, saçlary şeýle seýrekleýänlerem bardyr belki. Elbetde saç suratdaky ýaly seýreklemese-de suratdaky ýaly saç-a seýrek indi. Ýogsa şu прическa – ata-babalarymyzdan miras -- biziň прическa-myz
7-njiden: ýaltanýan-ow ýazmaga
avatar
0
7 Medicall • 10:53, 26.12.2023
Lacrymosa, mena seredişinden gorkuwotynnay şoñ, birhijesine mekir gülümseyalay:)))
avatar
0
8 Lacrymosa • 10:56, 26.12.2023
Dogrudanam pinekläp otym-aý ol. bir zatjyk ataýdymyka meýit?
hernäme-de bolsa biz oňatlyga ýoraly: belki-de ol manýakdyr
avatar
0
9 Medicall • 11:00, 26.12.2023
Lacrymosa,Mekir seredyançi suroty siziñ teswiriñizde goýandyryn)))

Seret, gayta inniki surat "bar saçymy sen düşürdiñ" diyip igenip dursada mekir seredyannadir:)))
avatar
1
10 Lacrymosa • 11:02, 26.12.2023
WO! WO! WO! şun ýalyjak simpatýogyndan tapyňsana. Ine, saz boldy şü! haladym
avatar
0
11 Medicall • 11:04, 26.12.2023
Tüweleme, saç alnyşy barada ylmy iş ýazybermeli bolupdyra bu teswiriñiz))
avatar
0
12 Pero • 11:04, 26.12.2023
Aýý,Laçyn bajyyyy,nebir goşgy eken-dä....
avatar
0
13 Мango • 13:19, 26.12.2023
Laçyny 2024 üçin "SAÝTYŇ IŇ GOWY BAJYSY" kategoriýasyna hödürlemeli.
avatar
0
14 Мango • 13:20, 26.12.2023
aý bu suratam gelişmedi.
bir hili saçyny galdyryp: "bläää.... saç düşýärow..." diýip duran ýaly...
avatar
0
15 Sylapberdi • 15:14, 26.12.2023
Laçyn dogan seni azara goýan ýaly ýaman oñaýsyz ýagdaýa galdym)
avatar
0
16 Sylapberdi • 15:26, 26.12.2023
Gulpak,çokul hem kekil diýibem bar biz tarapda.
avatar

uCoz