MENU

12:54
Sadalyk
SADALYK

,,Meniñ sadalygym şundan ybarat,
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün..."
Wah halypam şol sadalyk gurasyn,
Biri hoş söz aýtsa gomalyp ýörün.

Gerekmejek zada gidirip wagtym,
Gözläp tapmalydyr öýdüpdim bagtym,
Dertleñ üýşen wagty, gussaly çagtym,
Biderek ýerlerde sömelip ýörün.

Gezsemem ýalanlañ içinde entäp,
Hergiz ýalñyşlarmy, öz kemim añtap,
Şükür, sabyr, toba üç sözi nygtap,
Ejizi göremde uýalyp ýörün.

Namarda zar bolman, el sermän ile,
Çeşme bolup aksam, meñzemän sile,
Başarsam hiç kimden saklaman kine,
Diñe öz güýjime daýanyp ýörün.

Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 162 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 7
avatar
1
1 Мango • 13:22, 24.04.2023
Baýram kaka ýatlama:
goşgynyň ady şeýle ýazylýar (setir harplar bilen): Sadalyk
temaň içinde-de ady ýazylýar, ýöne baş harplar bilen: SADALYK
awtoryň ady şeýle ýazylaýar © Baýram BEJIDOW
© - bu belgini almak üçin kompýuterde Alt+0169 ýazmaly.

kynam däl. :-)
avatar
1
2 @Baýram_Bejidow • 13:24, 24.04.2023
Maña näme üçin Baýram kaka diýýäñiz men kiçijegä men entek)))
avatar
1
3 Мango • 13:25, 24.04.2023
goşgy diňe bir sadalyk barada-da däl ýaly.
avatar
1
4 @Baýram_Bejidow • 13:26, 24.04.2023
Aslynda men ýazýan ýañramalaryma a:t hem goýamokdym, iller okap a:t dakýar-a boldy şol diýip...)))
avatar
1
5 Мango • 13:36, 24.04.2023
onno Baýram jigi diýäýelimi?
(ýöne "Baýram kaka" diýilse haaas hormatly bolýar-a).
avatar
1
6 @Baýram_Bejidow • 13:45, 24.04.2023
Bolýa diýiberiñ onda
avatar
0
7 lirika • 14:28, 25.04.2023
Ikinji topbakda ,, wagtym", ,, wagty", ,, çagtym" diýen ýaly sözleri ikinji topbagyñda artykmajrak duýulýar. Bir sap gosguda bolsa bolardy welin, bu eýýäm bir topbagyñ özünde seýle ýagdaý. Wi, käbir grammatik ýalñyslyklaram bar eken...
avatar

uCoz