MENU

00:25
Şahyr...
Gurbannazar Ezizowa bagyşlap.

Şahyr- Ýagşyzada ýa-da Hüýr-Melek,
Ynsandan döreýär, bolmaýar ölüp.
Süýndirip janyny alsada Pelek,
Ýaşamaly gaýtadandan direlip.

Iki jahan owarrasy sen Şahyr,
Derwüş jindesinde bolmaly,
hem-de
Sal-sal kepen orap gitseñde ahyr,
Hydyr bolup görünmeli her bendä.

Arzuwlary wysal etmeklik üçin,
Ýaşan şahyrlaryñ ölmedigi çyn,
Gezip ýörler dilden dillere geçip.
Kalplara ebedi bolmaly perçin,
Kök urmaly ýaşamaly gül açyp.

Şonuñ üçin, seni ynsan dogurýar,
Geçip gitmek üçin Galaktikadan.
Eýläp, eýläp hamyr ýaly ýugurýar.
Doñdurýarlar buzlugynda Arktikañ

Garýarlar gumuña element baryn,
Elementiñ tapmaz ýaly çümdürip,
Ýanardagyñ magmasynda gaýnadyp,
Ýasaýarlar onsañ altyn kendirik*.

Düýrlenip, çeýnelip, bir damja suwa,
Çygylyp, çygylyp dogulýar düme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Kyyas • 00:26, 12.04.2023
Surat goýup bilmedim. Mümkin bolsa, admin özüñiz goýup berseñiz
avatar
0
2 Мango • 01:04, 12.04.2023
"Ýaşamaly gaýtadandan direlip"
şu setiri haladym.
gaýtadandan-gaýtadan gaýtalap okadym.

şahyr diýlen milleti hüýr-melekleşdiriljek bolmak dogrumy?

"altyn kendirikden" soň ýyldyz (*) goýlupdyr.
emma, ýyldyzy açyklaýan setir ýok.
avatar
0
3 Kyyas • 01:17, 12.04.2023
*kendirik. Ösümlikden alynýan berk ýüp
avatar
0
4 Kyyas • 01:19, 12.04.2023
Gyzylkendirikden alynýan ýüp. Bizde kendr ýüpem diýilýär(könelşen söz) añsat üzülmeýär we gün almaýar
avatar
0
5 Мango • 01:35, 12.04.2023
kendirik
Üstünde un elenýän we hamyr ýugrulýan sanaç, mata.

Akjemal kendirigiň üstünde unaş kesmäge oturypdy.
(«Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

sen kendirik bilen kendiri bulaşdyran ýaly-la?

kendir
1. Kenep ösümliginiň süýümi.
2. Kenep süýüminden işilen ýüp, tanap.

Kendir bilen odun daşamak. Kendir bilen baglamak.
avatar
0
6 Kyyas • 08:38, 12.04.2023
Onda kendir ýüp diýip üýtgedäýerin. Kendirik- supra, hamyr ýasalýan saçak, syk dokalan mata. (Kendirikden alynýan süýümden dokalan saçak) kendirik diýen ösümlik men gaty gowy bilýän we ýüpünem görüpdim. Geçi çöprini goşup, trosa derek ulanylyan arkan ýüpinide görüpdim. Elbetde edebi dilde kendir diýilýån bolsa dogrudyr. Minnetdar!
avatar

uCoz