MENU

20:48
Şahyr

ŞAHYR

Olam edil iller ýaly doguldy,
Emdi iller ýaly ene süýdüni.
Illeriňkä meňzeş ýorgan ýapyndy,
Üstüni örtmedi bulut tüýdümi.
Saýa boldy garyp ataň üçegi,
Ýygnap kisesinde bölek-büçegi,
Sowdy töweregiň çülpesi bilen.
Şireli suw aldy, doňdurma aldy.
Deňje suwa basdy gyzgyn çöregi.
Görmese-de özün il-günden aýry,
Illeriňki ýaly däldi ýüregi...

Onuň sebäbini özem bilmedi.
Artyklykmy ýa kemlikmi, nämedi?!
Ýöremedi, ganat ýaýyp uçdy ol.
Aý, Gün, deňiz-derýa bilen gürleşdi.
Gürleşdi dag bilen, dereler bilen,
Million ýyllap duran asman bilen Ýer
Gelip onuň gursagynda ýerleşdi.

Saýrak dili lal-jim boldy öwseler,
Sögseler hinine girdi garynjaň.
Şonda-da hiç bes etmedi söýmesin,
Il-güne bagş etdi ertir-öýlesin.
Bagş etdi ömrüni, şirin janyny,
Galamy ýol boldy geljege sary.
Şygyr ýazdy ata Watany hakda,
Şan-şöhraty, batly gadamy hakda.
Bagtly bolsa bütin ykballar gülýä,
Betbagt bolanyny görmesin dünýä!

Söýdi dünýäň hany-manyndan geçip,
Dili saýraberdi toty heňinde.
Yşka ybadaty parz hasap etdi.
Şükür bagşy eli dutarly çyksa,
Ol ýürekli durdy howpuň öňünde.
Ne Mejnun, ne Garyp ne-de Tahyr ol,
Şahyr ol!

Ahyr bildi ile meňzeş däldigni,
Bar arzuwy ile meňzemek boldy.
Il-günüň abraýyn baýdak edinip,
Il-gün üçin öňe müňzemek boldy.
Ýüzi boldy il-günüň,
Gözi boldy il-günüň.
Dili boldy il-günüň,
Guly boldy il-günüň.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Nurdаn | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 12:00, 10.10.2024
1) Ahyr bildi ile meňzeş däldigni,
2) Bar arzuwy ile meňzemek boldy.

şahyr (1) ile meňzeş däldigini bilýär we (2) ile meňzemek isleýär...
meniň pikirimçe ol ýalňyşýar, eger mähelläň aňyny-düşünjesini ileri götermek isleýän bolsa şahyr ile meňzejek bolmaly däl, ilden tapawutlanmaly. tapawut onuň düşünjesinde bolmaly. ilden tapawutly bolup, ilini o derejelere getirjek bolmaly...
şahyr "Ýüzi bolmaly il-günüň, Gözi bolmaly, Dili bolmaly, Guly bolmaly... şoň çünem tapawutly bolmaly...
düşündirip bildimmikäm.
Gurbanjemal genje, janyňyz sag bolsun. minnetdar.
avatar
0
2 Zenan • 15:41, 13.10.2024
Dogry aýdylan zatlar
avatar

uCoz