MENU

15:48
Şahyr
Şahyr

Kalbynda hasrat bar, gorunda söýgi,
Ýürekde ot, hyýalynda ýagşylyk.
Serinde duman bar, gözünde gaýgy,
Pikirleri daşky dünýä garşylyk.

Asuda deý görünse-de daşyndan,
Içki dünýäsinde ala göçgünler.
Il-günüň dertleri inse başyndan
ýangyç ýaly,
Galamynda uçgunla:r.

Ol dünýeden täze dünýe döredýär,
Özüni hem oýlamaýar ahyryn.
Yşky bilen ömürleri ýöredýär,
Ömri welin ýöremeýär şahyryň

Ahmet Arazow
Категория: Goşgular | Просмотров: 18 | Добавил: Ahmet4971 | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz