MENU

21:37
Şahyr jorama

ŞAHYR JORAMA

Her wagtky endigiñe eýerip,
Sen ÿene-de ýõrmāge çykansyñ.
Ÿolda gabat gelen ýaş juwanlara,
Çyn ýürekden guwanç bilen bakansyñ.

Gözellige teşne kalbyñ urgusy,
Seni ýene goýan dāldir erkine.
Bilke-de alnyña sylyp çagany,
Diýensiñ bu bagt ýetsin herkime.

Gözel gülleñ arasyndan geçeñde,
Kalbyñy bir ajap duÿga beslãnsiñ,
Belki-de şu mahal edil şu pursat,
Señ ÿanyņda bolmagymy islãnsiñ.

Arkadag Serdarly Eziz watanyñ,
Gõrki şahyr kalba edendir tãsir.
Ylhamyñ jöşuryp gelen setirleñ,
Telefon depderñe bellānsiñ kāsin.

Parahat ýurdumyñ tãmiz howasyn,
Gözüñ ýumup bir demiñe çekensiñ.
Hemişeki endigiñe eýerip,
Sen ýene-de ýöremāge çykansyñ.

© Şemşat NEFESOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Medicall | Теги: Şemşat Nefesowa | Рейтинг: 2.5/6
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Pero • 10:31, 23.05.2024
Ỳakymlyja. Goşgyñ adyny okamda özüme ýazylan ýaly okadym,bu jora aslynda sen bolmagyñ mümkin,aýaldogan. Şemşat,sagbol enaýyja goşgyña
avatar
0
2 Medicall • 18:45, 23.05.2024
Adyny okañda men ýazandyryn diýip pikir edensiñ, ballym:)))
avatar
0
3 Aýgül_Garaýewa • 19:24, 23.05.2024
Belki penjiräniň perdesin açyp,
Tomaşa edýänsiň Tejen säherne.
Ýa-da häzir kartaň öňüne geçip,
Seredýänsiň ýaryň ýaşaýan şäherne.

Kerim agany ýatlatdy.

Şemka joraň kim? Tanaly-da, "bolşewigi".
avatar

uCoz