MENU

22:37
Şahyrlar aç ölmez...

ŞAHYRLAR AÇ ÖLMEZ...

(Torum Ýaýlan Bataşydan täsirlenme)

Şahyrlar aç ölmez, bir setir üçin,
Öz etini özi iýýän halyna.
Olara pul bermäň,
gaýta ýol beriň,
Gyzygmaz dünýäniň hanymanyna.

Gijesi gije däl,
Gündizi gündiz...
Olar il ýatanda uklamaýarlar.
Çaýy sowap galar,
Nahary harap,
Olar bu häsiýetin aklamaýarlar.

Geýmekde däldirler döwrebap ýa-da
modany kowalap ýetişmeýärler.
Şahyr halky täze, del pikir tapsa,
Maddy dünýä bilen gidişmeýärler.

Olar il deňinde öý-işik bolmaz,
Il deňinde jaý tutunmaz, ýer almaz.
Köçä çyksa dowzahy ýa behişti
Gören ýaly,
Deň göz bilen garalmaz.

Şahyrlar ojagna nep bermeýärler,
Şol ýazyp, täzeläp, düýrüp ýaty:rlar.
Olar şeýdip ýörüşlerine bir gün-ä,
Ýer ýüzüni uly bergä baty:rlar.

Özleri aç ölmez, bir setir üçin,
Öz etini özi iýýän halyna.
Şahyry aldamaň, aglatmaň ony,
Düşnüksiz ykbaly ýazlan alnyna.

30.01.2024 ý.
© Gurbanmyrat SARYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 124 | Добавил: kysmat | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Garagalam • 21:08, 04.02.2024
Şahyrlar ojagna nep bermeýärler...
Bul-a gowy däl. Kimem bolsa ojagna nepi degse ýagşy. Herk kimiň, şahyryňam ojagyna nepi degmeli.
avatar

uCoz