MENU

14:10
Şahyrlyk borjy

ŞAHYRLYK BORJY

Dosty kän, duşmany ýetik
bolmasa, şahyr bolmaýar.
Käte barýan ýoly petik
bolmasa, şahyr bolmaýar.

Şonda dünýäsi daralyp,
özi-özünden ar alyp,
güýz ýapragy deý saralyp,
solmasa, şahyr bolmaýar.

Setirler göýäki doga
bolmasa, uçarlar howa.
Bir başyny müň bir gowga
salmasa, şahyr bolmaýar.

Güýzden salkyn, tomus wagty
Saýlap sergin daragty,
Ýazdan ýakym, gyşdan ýagty
almasa, şahyr bolmaýar.

Daýanyp öz garysyna,
Çydap namart gargyşyna,
Şer işleriň garşysyna
galmasa, şahyr bolmaýar.

Göterip yşk badasyny,
Borşaý eýläp wadasyny,
Käte dünýäň kadasyny
bozmasa, şahyr bolmaýar.

Beýik işde maýdalaman,
Çykyp tupan-gaýdan aman,
Özgäň sözün gaýtalaman,
ýazmasa, şahyr bolmaýar.

Haýran bolup öz halyna,
Göz dikmän dünýä malyna,
Watan üçin öz janyna
dözmese, şahyr bolmaýar.

Dogduk ýerin jandan söýüp,
Il derdine ýanyp-köýüp,
Dogry sözün dünýä goýup,
ölmese, şahyr bolmaýar.

Atamyrat ATABAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz