MENU

19:37
Şahyryñ ömri

ŞAHYRYŇ ÖMRI

Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe.
Dostlary sözledi, dymdy başgalar...
Ýatlady halk şahyr oglun gowlukda.
Ýygnanyşdy bu gün bütin maşgala,
Söwer ýar, ogul-gyz, agtyk-çowluklar.

Diýdiler:
Şahyryň ömri bakydyr.
Bakylyk kelamda, bakylyk sözde.
Şahyr – täsin matal, açylmadyk syr,
Jogabyny ýazan şygryndan gözle.

Aýdymlar aýdyldy şanyna ýazyň,
Maýyl etdi geplänleriň jümlesi.
Goşgular okaldy içinde sazyň,
Geňdi adamlaryň oýa çümmesi.

Bu oýlar hiç kimi goýmady daşda,
Bir-biregi ses-sedasyz goldadyk.
Bärde aňlatmasyz ahwal bar başga,
Dile ýa galama bagly bolmadyk.

Segsen ýyllyk ýoly aýlandy köňül,
Gökde ganatyny gerenler ýaly.
Agyr geldik, emma dolandyk ýeňil,
Edil zyýaratdan gelenler ýaly.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 11:06, 01.03.2023
Gurbannazary 80, 80-den geçen garryň obrazynda göz öňüne getirmek kyn.
ol ýaşlygyň, täzeligiň, şahyrlygyň... simwoly ýaly...
ruhy şat bolsun.
avatar

uCoz