MENU

17:24
Salam, kaka...
SALAM, KAKA...

Salam, kaka. Men Arzyman. Birwagt -
Arasyna siňip giden türkleriň...

Türkmeniň düzünden üzüldiň diýme,
Düzüldiň diýmegin hatarna durnaň.
Bu aýralyk agyr deger ejeme,
Emma doganlarym boýnuny burman
ýaşar, hem oňlar meniň gaýdanym.

(Aýdanym bilenem ýeňlemez ýüküm,
Gowusy bar zatda gysaýyn dişim.)
Bu ýerde ähli zat gülala-güllük,
Ugruna işim.

Razy, ykbalymdan, müňde bir razy,
Agyr günler agsap galdy ýeňsede.
Bilip bolmaz, ömrüň galan günleri
Belent serim dik başaşak egse-de,
Ýyllar öwürse-de enter pelegim,
Köwlenmerin, näçe agyr degse-de...

Bilýäň-ä,
Meni bu ýerlere getirdi birçak,
Ters aýlanan täleýimden ürkmegim.
Şoň üçin göwnümi bire baglaryn,
Hem galaryn arasynda türkleriň...

© Aýbölek ABDYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 129 | Добавил: bayramgylychsapargylyjov | Теги: Aýbölek Abdyýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 garagar • 01:08, 02.04.2024
Gowy ýazýar, Aýbölek.
avatar
0
2 Pero • 08:44, 02.04.2024
Terjimehal goşgulary okamagyñ hem özboluşly lezzeti bar. Gezen ýeriñde sag-aman gez,Aýbölek!
avatar
0
3 Seýrаn • 08:47, 02.04.2024
Türklerem poçti özüňki. Arkaýyn ýaşa. Ýazyp ýaşa.
avatar
1
4 sussupessimist • 11:56, 02.04.2024
Howwa, gowy ýazýar şu awtor. Öz geçen ýoly, öz tejribesi, öz sesi hem gory bardygy bildirýär, hemem şol diňe özündäki "ýüki" goşgularyna ýüklemegi başarýar.
Ýazýanlaryndan ýetirip duruň. Mundanam has güýçli eserleri döretjegine garaşýan.
avatar

uCoz