MENU

23:24
Salgy
SALGY

Meni ýitirseň, gynanman,
Ýüregiňe diň sal, diňle.
Men nirde bolup bilerin?
Nire mensiz bolup bilmez?

Bilýäň, asmany söýýänmi,
Asmaňa bakarsyň hökman.
Ýöne men asmanda bolman,
Men ýeke uçmaga gorkýan.

Gyş bolsa gözleýän paslyň,
Gara seredersiň siňe.
Ýaz bolsa, güle bakarsyň.
Güýz ýele, tomusam Güne.
Soňra bolsa gözlemersiň...
Ýadarsyň,
ýa «Bar, gitsin!» bor.

Bir gün bolsa tokaýlykdan,
Bäs gelip bilmän keýpiňe,
Sen geçip gidersiň gülüp,
Hem aýdym aýdyp keýpine.

Bu gowy zat, başyň-a dik.
Hem agaçlar, hemem aýdym...

Emma birden, yza dönüp,
Bir zatlar gelip seriňe,
Gelermikäň ýel omuran
agajyň ýatan ýerine.

Aýryp şahaň ýapraklaryn,
Ellerňe tiken çümdürip,
Özüňde bar bolan ähli,
Üşük-yhlasyň siňdirip.

Duýarmykaň şol ýüregi,
Urup duran gowşajykdan...
Sorarmykaň meni maňa
Meňzäp duran towşanjykdan?!

© Aýgül GARAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 106 | Добавил: aygull | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 16:03, 05.06.2023
Bilýäň, asmany söýýänmi,
Asmana bakarsyň hökman.
Ýöne men asmanda bolman,
Men ýeke uçmaga gorkýan.

(harp ýalňyşlar bar: Asmaňa - Asmana).

şol "hökman" bilen "bolman" birazajyk sazlaşanok ýaly.
sebäbi "hökmany" soňky bogunyň "a"-syna udareniýe berip aýdýanyň üçin (hökma:n) yzyndaky setiriň "bolman"-yny hem süýndirip aýdaň awtomatik (bolma:n)...
welin.... "Men ýeke uçmaga gorkýan"-y okaňda ýokarky "bolma:n" uzyn däl-de gysga aýdylmaly ekeniden bolýa...
garyşdyrdy men-ä...

***

Gyş bolsa gözleýän paslyň,
Gara seredersiň siňe.
Ýaz bolsa, güle bakarsyň.
Güýz ýele, tomusam Güne.

ýokarky ýerleri sazlyja. berekella!
avatar

uCoz