MENU

17:29
«Sallançagy aýyrdylar böwürden...»

***

Sallançagy aýyrdylar böwürden.
Ony bir ýere-hä gitdiler alyp.
Galdy onuň öňki ýaz deý döwürden
Tama degip oýan ýeri garalyp.
Enäniň gözýaşy kepänokdy teý,
Ol busup otyrdy dünýäni görmän.
Çaganyň daşyna oralan mütgel
Onuň arlygyna meňzeşdi örän.
Neneň gowy boljak (aýtmak gerekmi?)
Wah, aglaýsa, wah, çyrlaýsa oýanyp.
... Obany örüzýän agy sesleri
Bilenokdy bir çagany oýaryp.

© Orazgylyç ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: sussupessimist | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Awtor • 18:28, 12.12.2023
Güýçli goşgy. Meger soňky güýçli pikiri göterip durmagy üçin ýazylandyr ýokarky setirleň bary. Ýöne goşguda beriljek bolunýan zat eýýäm ilkinji dört setirde berlipdir.
avatar
0
2 Kyyas • 08:18, 13.12.2023
Ýaş çaga dünýesini täzelände, oba örüzüp aglaşylanok (belki ýalñyşdyr, özümde şeýleräk boldy. Emma ýürekde welin şol aglanmadyk agylar henizem diñenok barha joşýan ýaly)
Täsirli goşgy.
avatar
0
3 Мango • 17:29, 13.12.2023
güýçli goşgy.
meniň pikiirimçe-hä başlanyşy has güýçli.

dogrudanam "obany örüzýän agy..." wakany ýiteltmek üçin edilen ýaly.
avatar

uCoz