MENU

08:26
Samyrdamak
SAMYRDAMAK

Sylagym—kiçilik däl!
Kiçiligim—peslik däl!
Dogry, ýazýanlarym sizlik däl,
Men sessizlikde!
Meni tanaýan ýok,
Geň däl,
Käte menem tanamok!
Tamamam ýok!
"Ýok" diýemok,
Diýýärin: "Ýak"
"S" harpym biraz basylan,
Duýgularym ýüregimden asylan.
Dilim—Daşoguzça,
Biraz zäherli.
Men— obadan çykan şäherli.
Men—dünýä, lakamym köp,
"Ýylan, mekir, zäherli"
Men—obadan çykan şäherli.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21554-samyrdamak.html. 03.12.2022ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Bagabat | Теги: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 5
avatar
2
1 Medicall • 10:14, 03.12.2022
Aýsaparyñ ýazyşynda Laçyna meñzeşlik barmy ýa göwnümemika?!
Ýüregindäkini ýeñiljek aýdyp bilipdir. Men-a haladym!
avatar
1
2 Мango • 15:49, 03.12.2022
adam, familiýasam, ýazan goşgusam üýtgeşik eken.
başga goşgularynam okap bolmazmyka?
goşgy bolsun ýa başga zat... umuman diýesiň gelenini diýip bilmek gerek.
diýib-ä bilipdir Aýsapar hanym.
berekella.
avatar
0
3 Bagabat • 16:40, 03.12.2022
Aýsapar Emelowanyň kitapçy.ru-da birneme zatlary bar. Ýöne ondanam göçürip bolanok-da.
avatar
0
4 Pero • 18:43, 03.12.2022
Repi köp diñleýän bolmaly,belki özem rep okaýandyr
avatar
0
5 ssaparay • 20:37, 06.12.2022
Mümkinçilik bolsa okardym
avatar

uCoz