MENU

15:03
Saña
SAÑA


Men senden ṣeýle bir minnetdar borun
Dünýäme düṣünseñ hem ykrar etseñ.
Ýekeligi dost tutunsam käte bir,
Senem dostum bilen alyṣyp gitseñ.

Ak garlar ýagsalar daglary guçup,
Sen bolsa üstümden mähir ýagdyrsañ.
Üste goṣun çekip geläýse bulut
Ondan üstün çykyp Güneṣ dogdursañ.

Baglar pyntyk ýaryp,güller açylsa,
Sen söýgiden doly kalbyñy açsañ.
Ýaza aṣyk duýgularmyz çeṣmeläp
Päk yṣgyñ dirilik suwundan içsek.

Tomsuñ jöwzasynda howam ýetmese,
Sen ṣemalyñ demi bolup üfleseñ.
Sen-ä ak guw deýin arzuwlam bolsañ
Menem ganatyñdan asla düṣmesem.

Tebigat ýas tutup,sary geýnende
Gussaly göwnümiñ aýnasyn döwseñ.
Güýzmi,gyṣmy,baharmy ýa tomusmy
Parhy ýok hemişe ýanymda bolsañ.

© Meñli Aṣyrowa
2012 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Мango • 17:00, 06.11.2023
sary geýnip ýas tutýan tebigat - gyzykly deňeşdirme bolupdyr. sary - edil ýas bolmasa-da tukatlygyň reňki ýaly...
---
"Gussaly göwnümiñ aýnasyn döwseñ..."
şu aýnaň döwülmegi bir hili oýa batyrýar.
döwmek.... has rewolýusion hereket...
döwülmelimi? başga ýoly galmadymyka?

gowy goşgy.
jemleme has gowy.
5 ýyzyyl.
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 22:07, 06.11.2023
Islendik ýerde okamda-da goşgyñ ady ,,Saña" diýip ýazylan bolsa özümemikä diýip gyzygyp okaýanda))
Tüweleme gowy goşgy eken duýgylandym.
avatar
0
3 Medicall • 20:09, 07.11.2023
Gowy!

Sary reñki her kim bir hili kabul edýan bolmaly?!
Aslynda "ýas tutmak" diyilende "gara geýmek" meñzedýärlermika diyyardim, ("garany-da, erbetlige ýormaly däl, Käbedäki mukaddes daşam gara" diyipdi biri), sary reñkde yşkyñ, yşygyñ, Günüñ, altynyñ añlatmasy bar ýaly. Bilmedim. Kim nämede nämäni görüp bilşine bagly bolmagam ahmal.

Irki goşgularyñdan eken aýallowan, ýene ýetirip dur!
avatar
0
4 Pero • 08:05, 08.11.2023
Güýzde,onda-da noýabr aýynda daṣ-töwerek sary,gyzgylt reñklere "boýalansoñ" her bir adamyñ köñlüne gussa,iñ bolmanda süýji gussa aralaṣýar. Näme üçinkä? Bu soraga her kim özüçe jogap tapar. Menem tapdym. Menimçe,ynsan hem daragt ýaly bir ýaradylyṣ. Noýabrda agaçlar ýalañaçlanyp,ýapraklaryndan aýra düṣýäler. Her bir ynsan hem durmuṣynda haýsydyr bir sebäbe görä haýsydyr bir ýakynyndan,dost-ýaryndan,tanyṣ-biliṣinden,dogan-garyndaṣyndan birini ýitirendir ýa bolmasa wagtlaýynça aýraçylykdadyr. Güýz adama kimdir birinden jyda düṣmegi ýatladýar. Ṣol sebäpli hem güýz ýylyñ ýas tutýan aýy bolṣy ýaly,ynsanam kalbynda ýas pisint hasrat,iñ bolmanda ýeñiljek gussa duýýar.
Ten bilen ruhuñ aýralygyna-ölüme näme diýersiñiz?! Hut ölümem güýzi kän ýatladýan ýaly,göwnüme bolmasa. Ṣahalardan tänip ýören ýapraklara seredýäñde:"Günlerde bir gün bedenim hem ýaprak ýaly ýere gaçar-ýykylar,ruhum bolsa ṣemal kimin uçar gider." diýýärsiñ
avatar
0
5 Medicall • 09:12, 08.11.2023
Ölüm her başda bar-la, adam bedeni jandan jyda düşmäni galmajagy her kime-de belli-le...
"Ölmezlik", "Ölmerin..." diymeklik - bu başga simwolika...
Özümizden ir ýitirenlermiz üçin bolsa biziñ kalbymyzda olaryñ ajy aýralygy, gynanjy gizlenip, baslygyp ýatyr. Olaryñ gussasy bizi her pasylam elendirip biler.(ýatlamazlyk mümkinmi eýsem?!) Mysaly özümizden alsam: doganym martda, dädem ýanwarda, ýene bir ýakynym awgustda, 25 ýaşly gelnimiz maýda, Enem maýda, ayrylan.... ( Ýatan ýerleri ýagty bolsun! ) ýas tutmakda aýlar biparh bolaymasa. Noyabrda-da toý tutup bagtyn tapyanlaram, dogulýanlaram köpdür. Onsoñam "ýas tutmak" başga düşünje, "köñle gussa dolmasy, çökmesi" başga düşünje.(kalba agraslyk, goýulyk aralaşmagy) Agaçlar "eşigini" çalyşmak üçin ýapraklaryny düşürýär ýa-da ýapraklar agaja täze don geydirmek üçin õzüni täzeleyarmika:)

"Ölmerin" diyenimizem eyyam ölümi ýatladygymyz. Diymek adam ýaşadygyça her pursatda "ölümi" golaýynda bolup biler... Ony her haçan "datjagymyz" ýadymyzda bolmaly. Beyle diyildigi-de her zaman "yas tutmaly" däl-de her zaman ölmenimizden soñky "durmuşymyzda " gerek boljak azyklarymyzy dirikäk amal etmäge howlukmaly. Her pursatda.

"Ölüm ýadymdadyr, gorky gözümde" diyyär Magtymguly Hezretleri. (Bu diýmegem ölmekden gorkmak däl-de, ölmekden soñky jogapkärçilikden gorkmak bolmaly)
avatar

uCoz