MENU

08:22
Saňa

Saňa
Men saňa şeýle bir Bagt bererin,
Hatda arzuwdanam gözel görüner.
Mähir-yhlasymy nagt bererin,
Söýgim barjasyndan ozal görüner.

Al şapakdan uçgun alan güllerim
boýna orap,
Garşylasam günlerim.
Saýraberse dahan içre dillerim,
Şanyňa goşgular düzen görüner.

Gülden görk alaryn,
Aýdan asyly,
Bahar bolar ömrümiziň pasyly,
Leblerinde gizläp gandu-asaly,
Sözlerinde şerbet süzen görüner.

Seniň adyň bilen dünýämi gurşap,
Men saňa garaşýan
Her säher - her şam,
Togalanyp dursa bu goja ýer şar,
Seni gözläp, älem gezen görüner.

Goý, günler ulaşsyn, güne sepleşip,
Barybir, men gitmen senden çetleşip,
Düýşünde-de seniň bilen gepleşip,
Gijeler ukusyn bozan görüner.

@ Aýgül Garaýewa
Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Lacrymosa • 08:29, 27.03.2024
Zyýadanyň doglan gününe sowgat!
,,Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" ýylynda doglupdy. Menem: ,,Adyna Ýüpek daksana" diýsem, ejesi: ,,Ýüpekden-de zyýada" diýip dakypdy. Adyna eýe bolsun. Jany sag, ömri uzak, görjegi gowy bolsun! Bagtly gyz bolsun!
avatar
0
2 aygull • 11:04, 27.03.2024
Sag bol, aýdanyñ gelsin! Şol arzuwlan günleriňe sag-aman ýetsek, şonda senem bolmasañ senden gaty öýkelärin. Aýtmady diýme, Zyýadañ Jaçyn daýzasy.

Ýeme, meñ goşgularymy goýýan bolupsyñ soñky döwür welin, meni indi "tanap" ýörsüň öýdýän:))
"Halypa şägirdin bilmeýän eken" diýmeýşi ýaly Ezizowyň...
avatar

uCoz