MENU

17:00
Saňa jaň edesim gelýär
***

Saňa jaň edesim gelýär,
Soramak üçin halyňy.
Saňa jaň edesim gelýär,
Küýsän mahalym düýnümi.

Saňa jaň edesim gelýär,
Men ykbaldan şundan başga,
Hantama däl uly zada,
Ýöne göwün, göwün bolýa,
Eýgerenok däbe, kada.

Hyýalym ýok ullakan bir,
Kaýyl bolan-bolmadyga,
Munda sataşmaklyk üçin
Sebäp känä ölmedige...

Ýöne bu-da ýol soňunda,
Gowuşmaga umyt däldir,
Geçip barýan bu günleriň,
Eçilenni seniň bilen
Paýlaşyp gülesim geldi,
Ýüregiňde häzirem men,
Barmykam, bilesim geldi.
Gözüňe siňen ýaş bolup,
Ýaňagyňa siňesim geldi.
Hem içimde näme baryn,
Diňe seň bilýäniň üçin,
Saňa jaň edesim geldi.

Ogulnur ATAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 130 | Добавил: Saryýew | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 22:39, 27.05.2023
"Saňa jaň edesim gelýär..."
edesiň gelse edibermeli :-)

öňem biri diýerdi:
– saňa minnetdarlyk bildiresim gelýär.
oňa-da diýerdiler:
– mesele näme? bildiresiň gelse bildirip göýber... :-)
***
Gözüňe siňen ýaş bolup,
Ýaňagyňa siňesim geldi.

şu ýeri birhili bolan ýaly.
ýa iki gezek "siňmek" bar, ýa-da many bulaşýar.
ýaşyň gözden akman göze siňmesi....
düşünmedim...
avatar

uCoz