MENU

14:49
Gümürtik
GÜMÜRTIK

Saňa şo bir zady gaýtalar ýörerin,
Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap -
pikrin etmerin.
Bilýäň-ä, onsuzam işim köp meniň,
Men kowýan guşlary günorta tarap.

Ýarygije oýanyp, tukat şäheriň
Gussasyny ölçeýärin sönmedik
çyralaryndan.
Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan
jesedini ýygnaýaryn ýodalaň
gyralaryndan.

Säher ýollaň çyralarny söndürýän,
Oýarýan ukusyz awtobuslary
Hem çekip bulutlaň şekillerini,
Ýüp bilen berkidip, göge asmaly.

Soň,
şäheriň adamlary irende,
Ýetimleriň hüwdüsine hiňlenýän.
Gün doganda, duralgalaň birinde
Gelmezmik-ä diýip garaşyp görýän
kimdir birine...

...Her gün öz-özümden gaçyp ýörün men,
Seni gujaklamda aglasym gelýär.
Özümi ugradyp başga ýerlere,
Menin seniň bilen galasym gelýär.

© Begençgeldi ORAZOW

Çeşme:biz.islenen.ru
Категория: Goşgular | Просмотров: 164 | Добавил: Aksary | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Мango • 16:53, 10.01.2023
"Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan jesedini ýygnaýaryn ýodalaň gyralaryndan".
aşyklyk şeýle bir zatmyka?
kebelegem oda aşyklygyndan, perwana bolup, ahyry ganatyn gyrýamyka?
aşyk magşugyna diňe ölensoň ýetýämikä?
kellä agram salýa...
ajaýyp goşgy.
avatar
0
2 Pero • 19:42, 10.01.2023
Bee,ol özüni gujakladýan bolsa,eýýäm siz aşyk-magşuk bolmal-a.
Onda näme üçin "Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap - "diýýäñiz?
Emma wara ajaýyp goşgy!
avatar
0
3 Tuman • 15:27, 23.03.2023
Awtory aksaryň özimi
avatar
0
4 Aksary • 21:32, 12.07.2023
Ýok özi däl.
avatar

uCoz