MENU

12:50
Saralan güýzlere sary

SARALAN GÜÝZLERE SARY

Giderin göç edip Güýzlere sary
Elin serer yşk peýkeri yzymdan
Ýat ýurtlara uçan Şa Durnam bir gün
Ýerde ýalñyz goýan gözel dildaryn
Ýatlap dolanar
Giç bolar arman...

Päkligimi heýkel edip kalbynda
Saklar, ornum
Ýalan bilen çalyşan
Günlerine ökünç inip, gan öýüp
Ahmyr bolup didesinden syrygar
Hiç diñebilmän...

Giderin saralan Güýzlere sary
Syndyrsa-da gyşyñ gara hazanyn
Hemrasyny tapabilmän jahandan
Ahwaly armana, hijrana dönen
Sonar kalbym geçer hoşnut Ýazyndan...
Soñ gelebilmen..

"Nesil" gazeti. 2022 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Medicall | Теги: Nurdan | Рейтинг: 5.0/8
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz